"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Müň dürli öwüşgin, müň dürli owaz

Welaýatymyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde geçirilen Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti uly şatlyk-şagalaňa beslenip, örän köpadamly boldy. Seýilgähdäki «Türkmeniň toý döwresi» meýdançasynda şol gün ýaýbaňlandyrylan konsert baýramçylyk dabarasyna aýratyn bezeg berdi. Baýramçylyk konserti Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanowyň we Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ilşat Annamämmedowyň, Annanyýaz Jepbarowyň hem-de aýdymçylar Laçyn Hudaýgulyýewanyň, Bahar Annaýewanyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde «Alkyşnama» aýdymy bilen açyldy. Ruhubelentlik bilen başlanan konsert Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň meşhur aýdymçylarynyň hem-de sazandalarynyň, tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary bilen dowam etdi. Olaryň hatarynda «Serpaý», «Galkynyş», «Ahal öwüşginleri», «Näzli» ýaly meşhur toparlar hem bar.

Ýüreklere ylham joşgunyny, köňüllere mähir nuruny paýlaýan baýram

Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi 22-nji iýunda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda aýratyn ähmiýetli bolan bu giň gerimli çäre eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de ak mermerli türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ýaly ajaýyp senelere gabat geldi.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara söz berýäris:

Göwher AHMEDOWA,Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi: — Beýik ösüş-özgerişlerden, şan-şöhratly wakalardan doly döwrümiz hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli baştutanlygynda röwşen geljege tarap gaýratly gadamlar bilen bedew batly öňe barýar. Yklymlary haýran edýän şeýle ösüş-özgerişler, eýelenýän belent sepgitler, elbetde, mizemez ynamyň, mäkäm agzybirligiň, bir başa, bir maksada gulluk etmegiň netijesidir.

Sahnada — «Nesiller poemasy»

Golaýda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet-sazly drama teatrynda geçirilen «Nesiller poemasy» atly spektaklyň ilkinji görkezilişi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Lebap welaýatynda ýaýbaňlandyrylan Medeniýet hepdeligine, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe ajaýyp sowgat boldy. Bu oýun ilkinji gezek 1975-nji ýylda şol wagtky Türkmenistanyň Ýaş tomaşaçylar teatrynda Baýram Seýdullaýew tarapyndan goýulýar. Spektaklyň Gurbannazar Ezizowyň ýeke-täk dramasydygyny aýratyn nygtamak zerur.

Ýagma, bulut, näzli ýaryň üstüne!

Öz döwrüniň ozany diýen ady alan meşhur şahyr hem bagşy bolan Nobatnyýaz Saýyl XIX asyrda Mary welaýatynyň Ýolöten, Ahal welaýatynyň Sarahs etraplarynda ýaşap geçipdir. Ol şahyr hem bagşy hökmünde öz döwrüniň bilbili adyny alypdyr. Onuň döreden «Çykanlar geldi», «Saňa», «Zag aldy», «Aýryldym», «Goýmady», «Ýara meni», «Geler» ýaly aýdymlary türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasynda uly miras hasaplanýar. Onuň döreden her bir aýdymynyň özboluşly rowaýaty bolupdyr. Nobatnyýaz Saýyly hemmämiziň söýüp diňleýän «Ýagma, bulut, näzli ýaryň üstüne!» aýdymyny öz söýgüli dildaryna bagyşlapdyr. Bagşy beýleki görnükli şahyrlarda bolşy ýaly, söýgüli jenanynyň adyny öz goşgy setirlerinde getirip bilmän, oňa ýanama at bilen ýüzlenipdir. Ýagny «Ýagma, bulutda» söýgüli ýarynyň adyny «boýnyýogyn» diýip atlandyrýar. Ezme egnindäki ýüpek hasany,Goluna äberseň tylla käsäni,Boýnyýogyn ýardan alsaň posany,Ýagma, bulut, näzli ýaryň üstüne!

Magtymguly, sözle bu şirin dilde!

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly çäreler biri-birine ulaşýar. Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Magtymguly, sözle bu şirin dilde!» ady bilen geçirilen aýdym-sazly çäre hem şu baýrama bagyşlandy. Oňa medeniýet, bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşlar, ýerli şahyrlar, mährem eneler gatnaşdylar. Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleriň lezzetinden ganyp bolmaýar. Ol eserler üstünden asyrlar geçse-de, şamçyrag deý lowurdap, durmuşymyza nur çaýýar. Şeýle ölmez-ýitmez eserleriň döremegini şahyryň ata Watanyny, ene topragyny, il-halkyny jany-teni bilen söýendigi, milletiniň özbaşdak döwlet gurup, eşretli durmuşda ýaşamagyny isländigi bilen düşündirip bolar.

Dünýä nusgalykdyr medeniýetimiz

Hazar şäheriniň merkezi kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi. Onda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýetimiziň we sungatymyzyň rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýol açylandygyny, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetilendigini bellediler. «Türkmeniň milli medeniýeti, däp-dessurlary we ýörelgeleri bu gün bagtyýar halkymyzyň durmuşynyň esasyny düzýär» diýmek bilen, medeniýetimiziň, sungatymyzyň durmuşymyzda tutýan ornuna ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ulgamy ösdürmegiň esasy ugur bolup durýandygyny nygtadylar. Halypa-şägirtlik ýolunyň täze röwşe beslenýän döwründe halypalara aýratyn hormat-sarpa goýulýandygy, milli medeniýetimizi ösdürmekde yhlasyny, zähmetini gaýgyrmadyk ussatlarymyzyň döredijiligiň dürli ugurlary boýunça bize miras goýup giden eserleriniň şu günki nesillerimiz üçin gymmatly baýlykdygy buýsanç bilen aýdyldy. Çäräniň dowamynda şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de kitaphananyň işgärleriniň «Dünýä nusgalykdyr medeniýetimiz» ady bilen guran sergisine syn edildi.

Çawy ýaýrap çar ýana

Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär Ata-babalarymyzyň: «Toý diýseň, bagşylaryň dili gijärmiş» diýen aýtgysyny 22-nji iýunda ir säher bilen Türkmenabatda başlanan Medeniýet hepdeligi ýene-de bir gezek subut etdi. Bu gün ýurdumyzyň Gündogar sebitinde Günüň dogşam üýtgeşik boldy. Gyzyldan ýasalan şar ýaly, parlap asmana galan Güneş toýa barýan gözel gyz ýaly ýalpyldap, mähri bilen ýakyp-ýandyryp barýardy. Has dogrusy, bu gün Türkmenabatda Gün toý bolup dogdy. Welaýatyň baş şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Ruhyýet» köşgi-de toý bezeglerine goşulyp, çapak çalýana meňzeşdi. Uly meýdanyň degresindäki sergide halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň solmajak keşpleri janlandyrylypdy. Ol ýerde welaýatlaryň ählisinden sergä getirilen sungat eserleriniň dürli görnüşleri dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýärdi. Kimsi küýze ýasap, kimleri dutar saplap, käbirleri bolsa orakdyr kätmen dişäp oturan senetçilerimiz halkymyzyň milli kesp-kärine joş berýärdi. Toý dabarasy älemgoşar ýaly öwşün atyp, göwünleri ganatlandyrýardy. Heý, görüň-ä bu toýy, bakyň-a bu baýrama. Jora-jora gyz-gelinleriň, tirkeş-tirkeş ýigitleriň toý lybaslaryny diýjekmi, bagtdan we şatlykdan ýaňa ýylgyryp duran didelerini aýtjakmy! Olaryň ählisiniň medeniýet ugrundan çorba sowadan ynsanlardygyny aýdanyňda bolsa, hemme zat aýan bolar duruberer. Sebäbi sungata köňül beren adamlaryň kalbyny eýeleýän y

Ýeňişli ýoldaky ynamly gadamlar

Paýtagtymyzyň Medeniýet şäherçesini bezäp oturan, Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy bilen açylan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internaty professional saz bilimli zehinleriň merkezidir. Sebäbi bu mekdep-internatynda bilim alan çagalar nusgawy aýdym-saz sungatyndan baş çykarýan zehinli sazandalar, geljekde-de türkmen medeniýetini dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşjak zehinli ýaşlar bolup ýetişýärler. Bu aýdylanlary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde professional ýerine ýetirijilik ugry boýunça zehinli çagalary, ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, onlaýn görnüşde geçirilen halkara sungat bäsleşiginde şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýnur Otuzowanyň birinji orna mynasyp bolmagy hem doly tassyklaýar. Sanly ugam arkaly geçirilen bu bäsleşige Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Başkortostanyň, Latwiýanyň we başga-da birnäçe goňşy döwletleriň dürli ýaşdaky aýdym-saz söýüjileri, sazandalary, hor toparlary, tans toparlary, orkestrleri wideo şekiller arkaly özleriniň eserleri bilen gatnaşdylar. Aýnur Otuzowa-da bu medeni çärä 13 — 15 ýaşly çagalaryň arasynda Türkmenistan döwletimizden ýekelikde ýerine ýetirijilik ugry boýunça fortepiano hünärinden gatnaşdy hem-de «Halkara bäsleşiginiň laureaty» diýen ada eýe boldy. Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinden Aýnuryň ýeňşi bara

Taryhy günde taryhy toý

Çagaka beýleki deň-duşlary ýaly Arslanyň hem uly hyýallary bardy. Uçarman bolmak bolsa onuň esasy arzuwlarynyň biridi. Ol geçen ýyl uçarmanlar bilen bir ulgamda işlemek bagtyna eýe boldy we Türkmenabadyň halkara howa menzilinde işe başlady. Ol menziliň ýolagçylara we poçta ýük daşamalaryna hyzmat edýän gullugynyň ýaş agenti bolup, işe başlan ilkinji günlerinden werzişligi bilen özüni aldyrdy. Buýrulan hyzmata «ýok» diýmeýän ýigidi arasynda Kerkide gurulýan halkara howa menziliniň gurluşygyna iş saparyna hem ugradýardylar. Ol bu tabşyrygy hem hiç haçan kyn görmedi. Haçan buýrulsa, «Niredesiň, Kerki?» diýip, ýola düşüberdi.

Medeniýetim ösýär Arkadag bilen

Günleri ähmiýetli wakalara, ýakymly duýgulara beslenýän ýurdumyzda toýlar toýlara ulaşýar. Her ýyl bir welaýatda geçirilýän medeniýet hepdeligi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gadymy Amul topragynda, döwrebap Türkmenabat şäherinde geçirilýär. Medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň bütin bir hepde dowam edýän baýramynyň açylyş dabarasy 22-nji iýunda Türkmenabatdaky Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada boldy. Ir säher bilen meýdança ýygnanan, ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen myhmanlar bu ýerde gurnalan milli gymmatlyklarymyzyň sergilerini uly gyzyklanma bilen synladylar. Soňra hormatly Prezidentimiziň medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň göwün galkyndyryjy sözleri dabara gatnaşýanlaryň ruhubelentlik duýgularyny goşalandyrdy. Şeýle hem baýramçylyk çäresine ýygnananlar welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň medeniýet toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Aýdymlary dost-doganlyk owazy

Türkmen opera sungatynyň parlak ýyldyzy Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli medeniýetine egsilmez goşant goşan ussatlaryň biridir. Şonuň üçinem, toýly günlerde — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilýän günlerinde Maýa Kulyýewanyň adynyň tutulmagy sungata goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Ussat halypa doganlyk halklaryň dillerinde ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, aýdym-sazyň üsti bilen dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy äleme ýaýdy. Ussat aýdymçy «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Şeýle hem ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, olaryň sungat ussady bolup ýetişmegi barada alada etdi. Ol zehinli ýaşlar bilen geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda milli sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypalar, olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada gyzykly gürrüňleri bererdi.

Mugam diňläli, gardaş!

(«Barlan iller, ýörelen ýollar» çeper-publisistik toplumyndan) Azeri topragy tebigy baýlyklara, mineral serişdelere juda baýdyr, esasanam, nebit we tebigy gaz ýataklary birwagtlardan bäri bellidir. Hasaplamalara görä, ýurduň 730 million tonna çemesi «gara altyn» gory bolup, häzir ol 1994-nji ýylyň sentýabrynda baglaşylan «Asyryň taslamasy» — birnäçe döwletleriň meşhur kompaniýalarynyň gatnaşmagynda senagat taýdan özleşdirilýär.

Medeni gymmatlyklara sarpa

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygara beslenen 2021-nji ýyldaky çäreler döredijilik many-mazmunyna baý. Çünki medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir hem-de döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guralydyr. Medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň her biri milletimiziň ruhy-ahlak baýlygynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklarynyň çäklerini giňeltmek bilen halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Ösen binagärligiň mekany

Şu günler hormatly Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen her ýylda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi onuň milli medeniýetinde aýdyň ýüze çykýar. Her bir halkyň medeniýetine we sungatyna milletiň ruhy kämilligi, onuň etniki bitewüligini kemala getirýän umumy gymmatlyklary siňdirilendir. Dünýäniň köp halklaryny milli özboluşlylygy bilen haýran galdyrýan türkmen halky şirin owazly sazy, ajaýyp folklory, inçe sungata öwren zergärçiligi, halyçylygy, nakgaşçylygy, seýisçiligi bilen dünýäniň medeni gymmatlyklaryna juda täsin goşant goşan gadymy medeniýetli halkdyr. Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi ösdürmek we onuň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak üçin ilki bilen onuň binýatlyk esaslaryny gurmakdan we kämilleşdirmekden başlady. Şunda gözel paýtagtymyzyň täsin binagärlik keşbi, ak şäherimizdäki Medeniýet şäherçesi we halklary has-da ýakynlaşdyrýan Olimpiýa şäherçesi we ýurduň günbatarynda gojaman Hazaryň kenarynda gurlan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün milletiň gözel kalbyny, dünýägaraýşyny, milli medeniýetiň gazananlaryny ajaýyp keşbi, gözelligi bilen aýdyň şöhlelendi

Şa­han­daz­ illi türkmenim

Küý­se­gi saz, di­re­gi söz bo­lan pe­der­le­ri­miz heň­ňam­la­ra uza­jak, üs­tün­den dö­wür­ler aşyp, kö­nel­me­jek me­de­ni mi­ra­sy ne­sil­le­ri­niň kal­by­na guý­ma­gy ba­şa­ryp­dyrlar. Şa­han­daz­lyk, sa­hy­lyk, ha­lal­lyk, mert­lik, gaý­duw­syz­lyk, myh­man­sö­ýer­lik ýa­ly asyl­ly hä­si­ýet­le­ri ýol-ýö­rel­ge edi­nen da­nyş­ment hal­ky­my­zyň ba­ran ýe­ri gür bag­lyk, ba­san ýe­ri gül­zar­lyk bo­lup­dyr. Geç­mi­şe ser sal­saň, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň baý dur­muş tej­ri­be­sin­de ýer­lik­li aý­dy­lan sö­züň, pa­ra­hat­ly­ga gö­nük­di­ri­len sa­zyň gy­ly­jyň güý­jün­den-de rüs­tem ge­len­di­gi­ni in­kär edip bol­ma­jak, kän-kän del­i­lle­riň üs­ti bi­len my­sal ge­tir­se bo­lar. Ylaý­ta-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Pa­ra­hat­çylyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy», «Ile döw­let ge­ler bol­sa...» ýa­ly dür­dä­ne ki­tap­la­ry­na ýüz­le­näý­me­li. Yk­dy­sa­dy­ýet ze­rur se­riş­de­le­ri sarp edip, me­de­ni­ýe­tiň ös­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­ýan bol­sa, me­de­ni­ýet hem öz ge­ze­gin­de köp­ta­rap­la­ýyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ro­waç­lan­ma­gyna iter­gi berip, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gi­ne taý­syz gol­daw döred­ýär. Şol se­bäp­li-de ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­tan­da Me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2019 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy» «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan

Halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklary

Bilşimiz ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy. 1994-nji ýylda bolsa, ýurdumyz ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlik ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Biz hem, bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly, parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegini gazanýan Diýarymyzyň dünýä beren gymmatlyklary hakynda size ýetirmegi maksadymyza muwapyk bildik: 1. Gadymy Merw

Ruhy gymmatlyk — müdimi gymmatlyk

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyz: «Diýarymyzyň düýpgöter täzelenen keşbiniň we halkymyzyň synmaz ruhunyň özboluşly beýanyny ussatlyk bilen wasp etmegi we adamlaryň aňyna ýetirmegi başarýan medeniýet işgärlerimiz we sahna ussatlarymyz bu gün beýik wakalaryň şaýady bolýarlar» diýmek bilen, türkmen medeniýetiniň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrülendigini tekrarlaýar. Ählimiziň bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak we ony kämilleşdirmek babatda bimöçber işler amala aşyrylýar. Hut şu ýyl hem gadymy Amul topragynda dowam edýän Medeniýet hepdeligini geçirmäge milli Liderimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilmegi «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp sözleri dilleriniň senasyna öwren medeniýet we sungat ussatlarynyň, bu ulgamdaky zehinli ýaşlaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.

Gadymy Lebapda goşa toý bu gün, sungatyň toýunda joşup dur göwün

Parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň höküm sürýän mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dabaraly bellenilýän toý-baýramlarymyzyň şowhuny al-asmana göterilýär, kalplara baky bagtyň owazy bolup dolýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşýan Medeniýet hepdeliginiň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda gadymy Lebap welaýatynda dabaralanmagy halkymyzda, şol sanda, medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinde toý joşgunyny döretdi.

Goşa baýramyň dabaralary

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Kalplara joşgun berýän şeýle dabaralaryň biri hem golaýda welaýat kitaphanasynyň öňündäki toý röwüşde bezelen giň meýdançada bellenilip geçirildi. Welaýat häkimliginiň we welaýatymyzyň medeniýet müdirliginiň guran bu dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan şowhunly konserti çärä gatnaşanlaryň köňül guşuny ganatlandyrdy. Mary şäheriniň görküne görk goşýan welaýat kitaphanasynyň öňündäki bezemen meýdançadaky dabara tomaşa etmäge medeniýet, bilim, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar we welaýatymyzyň ýazyjy-şahyrlary ýygnandylar. Ýokary derejede bezelen sahnanyň iki gapdalynda taryhy tapyndylardan, amaly-haşam sungatyna degişli önümlerden guralan sergi dabara gatnaşyjylaryň şöhratly geçmişimize, şeýle hem şanly geljegimize bolan buýsanjyny artdyrdy. Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň “Altyn asyr” döredijilik, Mary şäheriniň “Margiana” halk tans, Wekilbazar etrabynyň medeniýet merkeziniň “Wekil nagmalary”, Murgap etrabynyň medeniýet merkeziniň “Diýar” tans toparlarynyň we welaýatymyzyň birleşen bagşylar toparynyň ýerine ýetiren jo