Ýagma, bulut, näzli ýaryň üstüne!

23 Iýun 2021
951

Öz döwrüniň ozany diýen ady alan meşhur şahyr hem bagşy bolan Nobatnyýaz Saýyl XIX asyrda Mary welaýatynyň Ýolöten, Ahal welaýatynyň Sarahs etraplarynda ýaşap geçipdir. Ol şahyr hem bagşy hökmünde öz döwrüniň bilbili adyny alypdyr. Onuň döreden «Çykanlar geldi», «Saňa», «Zag aldy», «Aýryldym», «Goýmady», «Ýara meni», «Geler» ýaly aýdymlary türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasynda uly miras hasaplanýar. Onuň döreden her bir aýdymynyň özboluşly rowaýaty bolupdyr. Nobatnyýaz Saýyly hemmämiziň söýüp diňleýän «Ýagma, bulut, näzli ýaryň üstüne!» aýdymyny öz söýgüli dildaryna bagyşlapdyr. Bagşy beýleki görnükli şahyrlarda bolşy ýaly, söýgüli jenanynyň adyny öz goşgy setirlerinde getirip bilmän, oňa ýanama at bilen ýüzlenipdir. Ýagny «Ýagma, bulutda» söýgüli ýarynyň adyny «boýnyýogyn» diýip atlandyrýar.

Ezme egnindäki ýüpek hasany,
Goluna äberseň tylla käsäni,
Boýnyýogyn ýardan alsaň posany,
Ýagma, bulut, näzli ýaryň üstüne!

Uzukjemal HAJYMYRADOWA,
Ruhubelent etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.