Aýdymlary dost-doganlyk owazy

23 Iýun 2021
1047

Türkmen opera sungatynyň parlak ýyldyzy Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli medeniýetine egsilmez goşant goşan ussatlaryň biridir. Şonuň üçinem, toýly günlerde — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilýän günlerinde Maýa Kulyýewanyň adynyň tutulmagy sungata goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Ussat halypa doganlyk halklaryň dillerinde ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, aýdym-sazyň üsti bilen dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy äleme ýaýdy.

Ussat aýdymçy «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Şeýle hem ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, olaryň sungat ussady bolup ýetişmegi barada alada etdi. Ol zehinli ýaşlar bilen geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda milli sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypalar, olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada gyzykly gürrüňleri bererdi.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.