Magtymguly, sözle bu şirin dilde!

23 Iýun 2021
1005

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly çäreler biri-birine ulaşýar. Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Magtymguly, sözle bu şirin dilde!» ady bilen geçirilen aýdym-sazly çäre hem şu baýrama bagyşlandy. Oňa medeniýet, bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşlar, ýerli şahyrlar, mährem eneler gatnaşdylar.

Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleriň lezzetinden ganyp bolmaýar. Ol eserler üstünden asyrlar geçse-de, şamçyrag deý lowurdap, durmuşymyza nur çaýýar. Şeýle ölmez-ýitmez eserleriň döremegini şahyryň ata Watanyny, ene topragyny, il-halkyny jany-teni bilen söýendigi, milletiniň özbaşdak döwlet gurup, eşretli durmuşda ýaşamagyny isländigi bilen düşündirip bolar.

Ejeş GUWANJOWA.