Dünýä nusgalykdyr medeniýetimiz

23 Iýun 2021
984

Hazar şäheriniň merkezi kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi. Onda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýetimiziň we sungatymyzyň rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýol açylandygyny, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetilendigini bellediler. «Türkmeniň milli medeniýeti, däp-dessurlary we ýörelgeleri bu gün bagtyýar halkymyzyň durmuşynyň esasyny düzýär» diýmek bilen, medeniýetimiziň, sungatymyzyň durmuşymyzda tutýan ornuna ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ulgamy ösdürmegiň esasy ugur bolup durýandygyny nygtadylar. Halypa-şägirtlik ýolunyň täze röwşe beslenýän döwründe halypalara aýratyn hormat-sarpa goýulýandygy, milli medeniýetimizi ösdürmekde yhlasyny, zähmetini gaýgyrmadyk ussatlarymyzyň döredijiligiň dürli ugurlary boýunça bize miras goýup giden eserleriniň şu günki nesillerimiz üçin gymmatly baýlykdygy buýsanç bilen aýdyldy.

Çäräniň dowamynda şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de kitaphananyň işgärleriniň «Dünýä nusgalykdyr medeniýetimiz» ady bilen guran sergisine syn edildi.

Bagtygül ŞABEDINOWA,
Hazar şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.