Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara söz berýäris:

23 Iýun 2021
1032

Göwher AHMEDOWA,
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi:

— Beýik ösüş-özgerişlerden, şan-şöhratly wakalardan doly döwrümiz hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli baştutanlygynda röwşen geljege tarap gaýratly gadamlar bilen bedew batly öňe barýar. Yklymlary haýran edýän şeýle ösüş-özgerişler, eýelenýän belent sepgitler, elbetde, mizemez ynamyň, mäkäm agzybirligiň, bir başa, bir maksada gulluk etmegiň netijesidir.