Ösen binagärligiň mekany

23 Iýun 2021
731

Şu günler hormatly Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen her ýylda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi onuň milli medeniýetinde aýdyň ýüze çykýar. Her bir halkyň medeniýetine we sungatyna milletiň ruhy kämilligi, onuň etniki bitewüligini kemala getirýän umumy gymmatlyklary siňdirilendir. Dünýäniň köp halklaryny milli özboluşlylygy bilen haýran galdyrýan türkmen halky şirin owazly sazy, ajaýyp folklory, inçe sungata öwren zergärçiligi, halyçylygy, nakgaşçylygy, seýisçiligi bilen dünýäniň medeni gymmatlyklaryna juda täsin goşant goşan gadymy medeniýetli halkdyr. Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi ösdürmek we onuň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak üçin ilki bilen onuň binýatlyk esaslaryny gurmakdan we kämilleşdirmekden başlady. Şunda gözel paýtagtymyzyň täsin binagärlik keşbi, ak şäherimizdäki Medeniýet şäherçesi we halklary has-da ýakynlaşdyrýan Olimpiýa şäherçesi we ýurduň günbatarynda gojaman Hazaryň kenarynda gurlan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün milletiň gözel kalbyny, dünýägaraýşyny, milli medeniýetiň gazananlaryny ajaýyp keşbi, gözelligi bilen aýdyň şöhlelendirýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze teatrlar, muzeýler, stadionlar, kitaphanalar guruldy. Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyzyň durmuşyna ser salanyňda ýurdumyzyň ykdysady we syýasy ösüşi, jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, aň-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň dünýä derejesindäki ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň duýulýar.

Goý, milli medeniýetimizi beýik ösüşlere eýe edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Kerwenbaşy ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.