Ruhy gymmatlyk — müdimi gymmatlyk

23 Iýun 2021
896

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyz: «Diýarymyzyň düýpgöter täzelenen keşbiniň we halkymyzyň synmaz ruhunyň özboluşly beýanyny ussatlyk bilen wasp etmegi we adamlaryň aňyna ýetirmegi başarýan medeniýet işgärlerimiz we sahna ussatlarymyz bu gün beýik wakalaryň şaýady bolýarlar» diýmek bilen, türkmen medeniýetiniň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrülendigini tekrarlaýar. Ählimiziň bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak we ony kämilleşdirmek babatda bimöçber işler amala aşyrylýar.

Hut şu ýyl hem gadymy Amul topragynda dowam edýän Medeniýet hepdeligini geçirmäge milli Liderimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilmegi «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp sözleri dilleriniň senasyna öwren medeniýet we sungat ussatlarynyň, bu ulgamdaky zehinli ýaşlaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.

Meýlis BALLYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.