Medeni gymmatlyklara sarpa

23 Iýun 2021
786

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygara beslenen 2021-nji ýyldaky çäreler döredijilik many-mazmunyna baý. Çünki medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir hem-de döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guralydyr.

Medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň her biri milletimiziň ruhy-ahlak baýlygynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklarynyň çäklerini giňeltmek bilen halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

«Aşgabat».