Sahnada — «Nesiller poemasy»

23 Iýun 2021
943

Golaýda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet-sazly drama teatrynda geçirilen «Nesiller poemasy» atly spektaklyň ilkinji görkezilişi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Lebap welaýatynda ýaýbaňlandyrylan Medeniýet hepdeligine, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe ajaýyp sowgat boldy.

Bu oýun ilkinji gezek 1975-nji ýylda şol wagtky Türkmenistanyň Ýaş tomaşaçylar teatrynda Baýram Seýdullaýew tarapyndan goýulýar. Spektaklyň Gurbannazar Ezizowyň ýeke-täk dramasydygyny aýratyn nygtamak zerur.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».