Çawy ýaýrap çar ýana

23 Iýun 2021
978

Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär

Ata-babalarymyzyň: «Toý diýseň, bagşylaryň dili gijärmiş» diýen aýtgysyny 22-nji iýunda ir säher bilen Türkmenabatda başlanan Medeniýet hepdeligi ýene-de bir gezek subut etdi. Bu gün ýurdumyzyň Gündogar sebitinde Günüň dogşam üýtgeşik boldy. Gyzyldan ýasalan şar ýaly, parlap asmana galan Güneş toýa barýan gözel gyz ýaly ýalpyldap, mähri bilen ýakyp-ýandyryp barýardy. Has dogrusy, bu gün Türkmenabatda Gün toý bolup dogdy. Welaýatyň baş şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Ruhyýet» köşgi-de toý bezeglerine goşulyp, çapak çalýana meňzeşdi. Uly meýdanyň degresindäki sergide halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň solmajak keşpleri janlandyrylypdy. Ol ýerde welaýatlaryň ählisinden sergä getirilen sungat eserleriniň dürli görnüşleri dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýärdi. Kimsi küýze ýasap, kimleri dutar saplap, käbirleri bolsa orakdyr kätmen dişäp oturan senetçilerimiz halkymyzyň milli kesp-kärine joş berýärdi. Toý dabarasy älemgoşar ýaly öwşün atyp, göwünleri ganatlandyrýardy. Heý, görüň-ä bu toýy, bakyň-a bu baýrama. Jora-jora gyz-gelinleriň, tirkeş-tirkeş ýigitleriň toý lybaslaryny diýjekmi, bagtdan we şatlykdan ýaňa ýylgyryp duran didelerini aýtjakmy! Olaryň ählisiniň medeniýet ugrundan çorba sowadan ynsanlardygyny aýdanyňda bolsa, hemme zat aýan bolar duruberer. Sebäbi sungata köňül beren adamlaryň kalbyny eýeleýän ylham yşky şol ýagtylygyň çyragy.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».