"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dünýäniň täze täsinligi

Öý — özboluşly ölçeg birligi. Özüni alyp barşyna hem-de öýüne seredip, adama baha berilýän gezekleri az däl. Öý-ojagy arassa, tämiz, tertipli, bar zady ýerbe-ýer bolsa, şol gapydan girip-çykýan her kesde hem şeýle häsiýetler agdyklyk edýär. Çünki örňäp ýören öýüň bilen ömrüň arasynda berk baglanyşyk bar. Durmuşymyzdaky degerli iň ownuk düşünjelerden başlap, Watan söýgüsine çenli beýgelip gidýän duýgularymyzyň galabasy ilki bilen öýde şineleýär. Ilkinji sözleri aýtmagy, harplary ýazmagy, aýdymlara hiňlenmegi, ylym-bilimiň, döredijiligiň, sungatyň bosagasyndaky ýörjen-ýörjen ädimlerimizi mekdepden owal öýde öwrenýäris. Öý uly dünýäni özüne sygdyryp bilýän gudrat hökmünde görülýär. Adam ata zemine inende özüniň jennet küýsegini kanagatlandyrmak üçin gümmezli asmany ýatladyp duran ak öý gurupdyr diýen rowaýat bar. Şonuň üçin öý-ojak mukaddes hasaplanylýar. Il arasynda «Göz — öwlüýä, öý — öwlüýä» diýen pähim bardyr. Diňe ýagşy zatlarda nazaryňy egläp, göz hakyny, diňe halal zähmetden ýygnap, öý hakyny ödemek owaldan bäri ýoň bolup galan, ýaşaýyşda ýol bolup galan düşünjedir. Öýüň bir bezegi — myhman. Mundan müň ýyl ozalam halkymyzyň arasynda «Üme gelse, gut geler» — ýagny, «Myhman gelse, döwlet geler, bagt geler» diýen söz juda ýörgünli ekeni. Myhmandan öýe bereket ýokuşy ýaly, her gelen myhmana hem şol öýüň bereketi ýokýar. Şonuň üçin döwletliniň töründe dyz epmegem, duz datmagam

Terjime tekjesinden

Nakyllar Başa bela dilden geler.

Merkezi aziýa ýurtlarynyň milli tagamlary

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek möhüm halkara çäreleriň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisi hem bar. Biz hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlary baradaky gyzykly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Dograma (Türkmenistan)

Siziň üçin duşuşyk Bezirgen ÇARYÝEW

Biz «Nebit-gaz» gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň zehinli aýdymçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Bezirgen Çaryýew bilen söhbetdeş bolduk. Onuň ýerine ýetirýän «Gahryman Arkadag», «Türkmenistan», «Ezizim», «Soradym seni» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan uly höwes bilen diňlenilýär. — Bezirgen, söhbedimiziň başyny sungat ýolundaky ilkinji gadamlaryňyzdan başlaýalyň.

Mukamly dünýäniň uçgunlary

Sazlaşyk diýip şuňa aýdaýsaň! Şol agşam «Türkmeniň toý döwresi» durnagöz kölüň tolkunlarynyň döreden mukamy bilen aýdym-sazyň belent owazyna beslendi. Gözellige siňen bu sazlaşyk hemmeleri heýjana saldy welin, onuň 10 ýürekdäki heýjanyny başgalaryňky bilen deňär ýaly däl. Bu ýürekler sergin tomus agşamyny mukama besledi, şol bir wagtyň özünde-de ýeňiş üçin atygsady. Hawa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry Türkmenabadyň iň gözel künjekleriniň birinde — «Bitaraplyk» seýilgähiniň «Türkmeniň toý döwresi» meýdançasynda — durnagöz çeşmäniň ýakasynda geçirildi.

Heýkeltaraşlyk sungaty

Sungatyň gözel eserleri her bir ynsanyň kalbyna aralaşyp, ýürekleri ruhy lezzet bilen gurşaýar. Adamzat nesli şonuň bilen kämilleşip, asyrlaryň goýnunda geljegini döredip geldi. Ajaýyplyk, gözellik, täsinlik ýaly sypatlarda beýan bolýan, kalba nur paýlaýan düşünjeleriň gaýtalanmajak nusgalary geçmiş bilen geljegiň aralygynda nesilleriň köprüsini gurdy. Bu nusgalar sungat eserlerinde jemlenip, adamlaryň bir düşünjede, dünýägaraýyşda, umumy pelsepede ýaşap, agzybirlik ýolunyň dowamatyny gurmagyna esas bolýar. Heýkeltaraşlyk sungatynda hem bu şeýle. Keşpleri janlandyrýan ajaýyp eserleriň has şowly ýerine ýetirilen nusgalaryny synlanyňda ünsüňi özüne çekýär. Elbetde, bu nusgalaryny döretmek hemmelere başardyp hem durmaýar. Munuň üçin, sözüň asyl manysynda, ukyp gerek. Şonuň bilen deň derejede hem onuň üstüni ýetirýän başarnyk zerur.

Jeýhun joşgunly türkmen toýy

Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, halkymyzyň arasynda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gadymy Lebap topragynda geçirilmegi özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ösüşlerine beslenen Lebap topragy türkmen taryhynyň şöhratly sahypalaryny, milli gymmatlyklarymyzyň, medeni mirasymyzyň nusgalyk görnüşlerini özünde jemleýän gadymy mekanlaryň biridir». Gojaman Jeýhunyň boýunda ýedi gije-gündizläp dowam eden tutumly toýuň her bir güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri özleriniň täzeden täze owazly aýdym-sazlary, joşgunly şygyrlary, ajaýyp opera we sahna oýunlary, kinofilmleri bilen geldiler. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan sergide milli mirasymyzyň, amaly-haşam sungatynyň, çeper el işleriniň dürli görnüşleri giňden şöhlelendirildi. Usuly maslahatlar, çeper okaýyşlar, döredijilik duşuşyklary, Astanababa, Alamberdar ýaly taryhy ýadygärliklere, Amul, Daýahatyn kerwensaraýlaryna edilen gezelençler ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrsa, täze gurlan desgalaryň — Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň, Türkmenabat

Zehiniň ýüzi

Çyn zehinlere adynyň gapdalyndan gazanan sylag-serpaýyny, ýeten abraý-mertebesini çintgäp durmagyň zerreçe-de hajaty ýok. Göbegenesiniň dakanja adyny agzadygyň bes: «Hä, omy?» diýägede, ýürege birugsat ornan başarnygyny, baş hyzmatyny dessine dile getirer: «Pylan kitaby ýazanmy, pylan aýdymy aýdanmy, pylan keşpde oýnanmy ýa pylan açyş edenmi...». Hawa, kämil şahsyýetleriň ýetýän belentden-belent, aňrybaş derejesi, irginsiz zähmetden hasyla gelmiş sagatdan datly miwesi ony asyrlaraşa ýaşadýar. Kä ussat bu derejä birje işi bilen ýetse, käsinde şeýle hyzmatlaryň ençemesi bar. 60 ýyldan agdygrak wagt çemesi inçe sungata halal hyzmat etmegiň nusgasyny görkezip gelýän aýdymçy hem artist, nakgaş hem pedagog... (hötdesinden ökdelerçe gelýän kesbi-käriniň «sanasaň, sogaby bar») Myrat Diwanaýew bilen okyjylarymyz öňden tanyş. Bu sapar özümiz tekrarlamakdan saklanyp, aýdymçynyň dürli ýaş-u-kärdäki diňleýjileriniň pikirdir garaýşyny köpe ýetirmegi göwnejaý tapdyk. Olar kämil hakda bäş keleme söz aýdar boldular, gör-bak, näme diýdiler!

Elektron kitaphana — döwrebaplyk

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna görä guramagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi tabşyrdy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz kitaphanalarda elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, bu ugurda işleri mundan beýläk-de sanly ulgama geçirmek, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kitaphanalaryna usulyýet kömegini hem-de ylmy maslahatlary bermek meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mähriban Prezidentimiziň baştutanlygynda ynsan eli bilen döredilýän gözellikler hem-de milli gymmatlyklarymyz döredijilige höwesli çagalaryň-da ylhamyny joşdurýar. Oňa Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Tawus Meredowanyň çeken suratlaryny synlanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Ol sapaklarynyň daşyndan paýtagtymyzdaky «Daýan» okuw merkeziniň «Şekillendiriş sungaty» bölümine gatnap, tejribeli mugallymlardan tälim alýar. Geliň, Tawusyň çeken suratlaryny bilelikde synlalyň.

Gel, dutarym, sözleşeli

Mähriban çagalar, köplenç, baýramçylyk dabaralarynda, teleradioýaýlymlardaky çykyşlaryňyzda ýerine ýetirýän «Durnalar», «Dutarym», «Seýle gelseň, bu daglara», «Çeşmeler», «Dag jerenleri» atly aýdymlaryňyzyň sazyny haýsy kompozitoryň döredendigini bilýärsiňizmi? Bu sowala: «Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, sazanda, mukamçy kompozitor Akmyrat Çaryýew döretdi» diýip, jogap berjekleriňiziň kändigini bilýäris. Geliň, ussat sazandanyň döredijilik hem çagalyk ýyllary bilen ýakyndan tanşalyň. Akmyrat Çaryýew häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplara bilim berýär. Ol altmyşa golaý ajaýyp aýdymlaryň sazyny döretdi. «Mukamyň syry» atly çeper filmde Döwran bagşynyň keşbini janlandyrdy. Onuň döwletli maşgalasynda üç ogul, üç gyz perzendi, on iki agtygy, dört sany çowlugy bar. Iki ogly kakasynyň kärini dowam edýärler. Uly ogly Kakamyrat Çaryýew Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebinde dutar mugallymy bolup işleýär we ýaş zehinlere dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwredýär. Halypa sazanda Akmyrat Çaryýewiň döredijiligi, durmuşy baradaky gürrüňlerini onuň özünden eşitmek has-da täsirli bolar.

Gözellik edebi

Hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda perzende söz edebini, hereket edebini, kalp edebini öwretmek barada pähimler, tymsallar, jaýdar jümleler bar. Hormatly Prezidentimiz adamyň ýaşynyň näçe bolsa-da, ýaşlygynda alan terbiýesi, görüm-göreldesi, edep-ekramy esasynda özüni kämilleşdirýändigini, ýaşlygynda, hususan-da çagalyk ýyllarynda maňzyna guýlan edebiň zandyna ornaýandygyny, soň durmuşda ol saňa hemişe uly işlere hyjuw berýändigini belleýär.

Ussat dirižýor

Hormatly Prezidentimiziň milli aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmaga uly üns bermeginden ruhlanyp, zehinli kompozitorlarymyzyň döreden ajaýyp eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýän dirižýorlaryň biri-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Nury Muhyýewdir. Nury Muhyýew 1980-nji ýylda Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine «Hor dirižýorlygy» hünärine okuwa girýär. 1984-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlap, şol wagtky Aşgabatdaky Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynda okaýar. Nury okuwyny üstünlikli tamamlap, şol okuw mekdebinde mugallym bolup işe başlaýar. Zähmet ýolunyň ilkinji gününden başlap işine yhlasyny siňdirýär we baý tejribe toplap, guramaçylyk ukybyny görkezýär.

Degişmeler

Käýinç Mugallym:

KANN kinofestiwaly — 2021

Dünýäniň iň irki we iň abraýly kinofestiwallarynyň biri bolup durýan Kann kinofestiwaly 74-nji gezek ýeňijileri yglan etdi. 17-nji iýulda bäsleşigiň ýapylyş dabarasynda adaty gyzyl haly düşelen ýodajykdan Şeron Stoun, Tilda Suinton, Milen Farmer, Meggi Džillenhol, Spaýk Li, Rozamund Paýk, Adel Ekzarkopulos, Tahar Rahim, Leoni Hanne ýaly ussatlar geçdiler. Emin agzalaryna geçen ýylky ýatyrylan 73-nji kinofestiwala baştutanlyk etmeli amerikaly režissýor we ssenarist Spaýk Li ýolbaşçylyk etdi. Leos Karaks, Pol Werhowen, Fransua Ozon, Ues Anderson, Žak Odiar ýaly ussatlar öz işlerini hödürlänsoňlar, kinofestiwalyň baş baýragyna kimiň mynasyp boljakdygy barada dürli pikirler orta atylypdy. Pikir soraşmalara görä, Leos Karaksyň «Annett» atly filmi (baş keşplerde Adam Draýwer hem-de Marion Kotiýýar) ýeňiji bolar diýlip çaklanyldy. Ýöne bilermenleriň pikirleriniň emin agzalary tarapyndan hasaba alynmaýandygyny “Altyn palma şahajygyna”, “Titan” atly fransuz filminiň mynasyp bolmagy ýene bir ýola äşgär etdi. Gyzykly ýeri, filmiň wakalary iň soňky pursatlara çenli gizlinlikde saklanyldy.

Ak öýleriň zynaty

Hormatly Prezidentimiz türkmeniň ak öýleriniň täzeçe öwüşginine eýe bolan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň iri dabaralary, şeýle hem medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen durmuş-medeni maksatly ägirt uly binadygyny nygtaýar. Şonuň üçinem, ol sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmäge niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary özünde jemläp, uly bir toplumy emele getirýär. Bu günki günde şeýle binalaryň ýurdumyzyň ähli welaýatynda bolmagy, hyzmat etmegi milliligimize bolan buýsanjyňa buýsanç goşýar. Ak öý — ol türkmeniň mertebesi, milli buýsanjy, sungata öwrülen gymmatlygy. Hut şeýledigi üçin, ak öýi synlap durkaň, milli buýsanjyň örboýuna galýar. Halkymyz şeýle ak öýlerde döwran sürüpdirler, toý tutupdyrlar, döwletli işleriň maslahatyny edipdirler. Töründe dutar, gylyç ýaly gymmatlyklarymyzy asyp goýmak bilen bolsa, oňa aýratyn görk-görmek beripdirler.

Sungatda saýlanan serkerde

Serhetçi serkerde bilen ýörite söhbetdeşlik taýýarlamaga baranymda, ol öz iş otagynda täze bir saz döredip oturan ekeni. «Girmäge rugsat ediň, ýoldaş maýor!» diýenime mähetdel ol edip oturan işinden ünsüni sowup, meniň bilen mähirli görüşdi. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, men: «Ýoldaş maýor, sizi biynjalyk edäýdim öýdýän» diýdim. «Ýok, ýok, heýem men biynjalyk bolarynmy, gaýtam: «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýleni boldy diýip, içki begenjimi daşyma çykaryp bilmän durandyryn. Edil şu wagt täze bir saz eserini ýazyp tamamladym. Indi şuny aýdym etmek üçin maňa goşgy gerek. Men bu aýdymy Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ähli Watan goragçylarymyza sowgat etmek isleýärin. Biziň baş maksadymyz Watan goragçylarynyň ruhuny galkyndyrmak ahyry» diýip göwnühoş ýylgyrdy. Elmydama işiň bähbidini ähli zatdan ileri tutýan serkerdäniň manyly gürrüňleri mende buýsanç duýgusyny döretdi. Şundan amatly pursat tapylmasa gerek diýibem, oňa maksadymy aýan etdim. Şeýlelikde, şol göwnaçyklygy bilen «Gowy niýet bilen gelipsiň, inim, gel, geç» diýip, iş stolunyň başyna çagyrdy. Çaý başynda biziň döredijilik söhbedimiz gyzyşyp gitdi. Harby aýdymlary joşgunly sazlaryň astynda ýerine ýetirmegiň hakyky ussady, uzak ýyllaryň dowamynda çekýän tutanýerli zähmeti bilen tanalýan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, maýo

“Myhman ataňdan uly”

Türkmenler ir wagtlardan bäri ruhy medeniýetiň myhmansöýerlik däp-dessurlary kämil derejede ösen halk hökmünde giňden tanalýar. Milletimiz tarapyndan myhmany çuňňur mähir bilen garşy almak, hezzetläp-hormatlap ýokary derejede hyzmat etmek, howlyň daşyna çenli mertebeläp ugratmak ýaly milli ýörelgeleriň asyrlar içre edep-ahlak gymmatlygy hökmünde ýöredilip, barha baýlaşdyrylyp gelinýändigi bu gün dünýä mälimdir. «Myhman ataňdan uly» diýen gadymy aýtgynyň mazmunyna siňdirilen filosofik garaýyş barada oýlanyp gördüňizmi? Hut şu aýtgyda türkmeniň myhmansöýerlik dessury öz asyl manysynda açylýar. «Atada Allanyň hukugy bar» diýýändir türkmen. Atany mukaddes Kybla deňeýändir türkmen halkym. Diýmek, türkmen üçin myhman ataň ýaly sylag-hormatly, beýik mertebeli, Kybla ýaly mukaddeslikdir.

Ak öýler, agzybir iller

Täze öý tutmak — döwletlilikden, agzybirlikden, rysgal-bereketlilikden nyşan. Pederlerimiz ogluny-gelnini göçürmegi ýagşa ýorup, olaryň täze ýurtda ösüp-örňäp, nesil daragtlarynyň şaha-şaha gol ýaýmagyny niýet edipdirler. Täze ýurtdan öý tutan adama: «Ýurt garşy alsyn!» diýilmegi hem şunuň bilen baglanyşyklydyr. Türkmençilikde toýa gelen myhmanlar gelin edinýän ene-ata: «Goňşyň gutly bolsun!» diýip, ýagşy arzuwlaryny beýan edýärler. Hüwdi setirlerindäki: Alty ganat ak öýüňÝaraşygy sallançak —

Döwrüň belent owazy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry sungat älemine gadam goýýan ýaş zehinleriň belent owazyna beslenip, şatlyk-şowhuny, ruhy joşguny bilen hakyky aýdym-saz baýramçylygyna öwrüldi. Oňa welaýatyň etraplarynda we şäherlerinde geçirilen deslapky bäsleşikleriň ýeňijileri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygy hem-de aladalary bilen milli medeniýetimiziň gülläp ösýändiginiň nobatdaky mysaly bolan bu bäsleşik inçe sungata höwesli ýaş zehinleri ýüze çykardy. Olaryň bagtyýarlyk döwrümiziň ruhy joşgunyna beslenen dury owazlary bu sungatyň muşdaklaryna lezzet paýlap, olarda ýakymly täsir galdyrdy. Daşoguz şäheriniň gözel künjegine görk berýän welaýat kitaphanasynyň dabaralar meýdançasynyň yşyklar bilen bezelen giň sahnasynda höwesjeň aýdymçylaryň, täze zehinleriň belent owazy ýaňlandy. Ýaş ýerine ýetirijileriň her bir çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy, tomaşaçylar olaryň ukyp-başarnygyny, ezberligini, ussatlygyny kesgitlediler. Bäsleşikde aýdymlaryň saýlanylyp alnyşyna, ýerine ýetirilişine, aýdymçylaryň sahnada özlerini alyp barşyna, aýdymyň sözlerini dürs aýdyşlaryna aýratyn üns berildi. Bu talaplary berjaý etmegiň hötdesinden gelen ýaşlaryň içinden Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan höwesjeň aýdymçylar Batyr Agaýew bilen Kuwwat Weýisow joşgu