Ussat dirižýor

22 Iýul 2021
926

Hormatly Prezidentimiziň milli aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmaga uly üns bermeginden ruhlanyp, zehinli kompozitorlarymyzyň döreden ajaýyp eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýän dirižýorlaryň biri-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Nury Muhyýewdir.

Nury Muhyýew 1980-nji ýylda Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine «Hor dirižýorlygy» hünärine okuwa girýär. 1984-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlap, şol wagtky Aşgabatdaky Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynda okaýar. Nury okuwyny üstünlikli tamamlap, şol okuw mekdebinde mugallym bolup işe başlaýar. Zähmet ýolunyň ilkinji gününden başlap işine yhlasyny siňdirýär we baý tejribe toplap, guramaçylyk ukybyny görkezýär.

Gurban BABAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Hor dirižýorlygy» kafedrasynyň müdiri.