Dünýäniň täze täsinligi

26 Iýul 2021
813

Öý — özboluşly ölçeg birligi. Özüni alyp barşyna hem-de öýüne seredip, adama baha berilýän gezekleri az däl. Öý-ojagy arassa, tämiz, tertipli, bar zady ýerbe-ýer bolsa, şol gapydan girip-çykýan her kesde hem şeýle häsiýetler agdyklyk edýär. Çünki örňäp ýören öýüň bilen ömrüň arasynda berk baglanyşyk bar. Durmuşymyzdaky degerli iň ownuk düşünjelerden başlap, Watan söýgüsine çenli beýgelip gidýän duýgularymyzyň galabasy ilki bilen öýde şineleýär. Ilkinji sözleri aýtmagy, harplary ýazmagy, aýdymlara hiňlenmegi, ylym-bilimiň, döredijiligiň, sungatyň bosagasyndaky ýörjen-ýörjen ädimlerimizi mekdepden owal öýde öwrenýäris. Öý uly dünýäni özüne sygdyryp bilýän gudrat hökmünde görülýär. Adam ata zemine inende özüniň jennet küýsegini kanagatlandyrmak üçin gümmezli asmany ýatladyp duran ak öý gurupdyr diýen rowaýat bar. Şonuň üçin öý-ojak mukaddes hasaplanylýar. Il arasynda «Göz — öwlüýä, öý — öwlüýä» diýen pähim bardyr. Diňe ýagşy zatlarda nazaryňy egläp, göz hakyny, diňe halal zähmetden ýygnap, öý hakyny ödemek owaldan bäri ýoň bolup galan, ýaşaýyşda ýol bolup galan düşünjedir.

Öýüň bir bezegi — myhman. Mundan müň ýyl ozalam halkymyzyň arasynda «Üme gelse, gut geler» — ýagny, «Myhman gelse, döwlet geler, bagt geler» diýen söz juda ýörgünli ekeni. Myhmandan öýe bereket ýokuşy ýaly, her gelen myhmana hem şol öýüň bereketi ýokýar. Şonuň üçin döwletliniň töründe dyz epmegem, duz datmagam bagta ýorulýar.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.