KANN kinofestiwaly — 2021

22 Iýul 2021
870

Dünýäniň iň irki we iň abraýly kinofestiwallarynyň biri bolup durýan Kann kinofestiwaly 74-nji gezek ýeňijileri yglan etdi. 17-nji iýulda bäsleşigiň ýapylyş dabarasynda adaty gyzyl haly düşelen ýodajykdan Şeron Stoun, Tilda Suinton, Milen Farmer, Meggi Džillenhol, Spaýk Li, Rozamund Paýk, Adel Ekzarkopulos, Tahar Rahim, Leoni Hanne ýaly ussatlar geçdiler. Emin agzalaryna geçen ýylky ýatyrylan 73-nji kinofestiwala baştutanlyk etmeli amerikaly režissýor we ssenarist Spaýk Li ýolbaşçylyk etdi.

Leos Karaks, Pol Werhowen, Fransua Ozon, Ues Anderson, Žak Odiar ýaly ussatlar öz işlerini hödürlänsoňlar, kinofestiwalyň baş baýragyna kimiň mynasyp boljakdygy barada dürli pikirler orta atylypdy. Pikir soraşmalara görä, Leos Karaksyň «Annett» atly filmi (baş keşplerde Adam Draýwer hem-de Marion Kotiýýar) ýeňiji bolar diýlip çaklanyldy. Ýöne bilermenleriň pikirleriniň emin agzalary tarapyndan hasaba alynmaýandygyny “Altyn palma şahajygyna”, “Titan” atly fransuz filminiň mynasyp bolmagy ýene bir ýola äşgär etdi. Gyzykly ýeri, filmiň wakalary iň soňky pursatlara çenli gizlinlikde saklanyldy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.