“Myhman ataňdan uly”

21 Iýul 2021
1466

Türkmenler ir wagtlardan bäri ruhy medeniýetiň myhmansöýerlik däp-dessurlary kämil derejede ösen halk hökmünde giňden tanalýar. Milletimiz tarapyndan myhmany çuňňur mähir bilen garşy almak, hezzetläp-hormatlap ýokary derejede hyzmat etmek, howlyň daşyna çenli mertebeläp ugratmak ýaly milli ýörelgeleriň asyrlar içre edep-ahlak gymmatlygy hökmünde ýöredilip, barha baýlaşdyrylyp gelinýändigi bu gün dünýä mälimdir.

«Myhman ataňdan uly» diýen gadymy aýtgynyň mazmunyna siňdirilen filosofik garaýyş barada oýlanyp gördüňizmi? Hut şu aýtgyda türkmeniň myhmansöýerlik dessury öz asyl manysynda açylýar. «Atada Allanyň hukugy bar» diýýändir türkmen. Atany mukaddes Kybla deňeýändir türkmen halkym. Diýmek, türkmen üçin myhman ataň ýaly sylag-hormatly, beýik mertebeli, Kybla ýaly mukaddeslikdir.