Ak öýleriň zynaty

21 Iýul 2021
947

Hormatly Prezidentimiz türkmeniň ak öýleriniň täzeçe öwüşginine eýe bolan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň iri dabaralary, şeýle hem medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen durmuş-medeni maksatly ägirt uly binadygyny nygtaýar. Şonuň üçinem, ol sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmäge niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary özünde jemläp, uly bir toplumy emele getirýär. Bu günki günde şeýle binalaryň ýurdumyzyň ähli welaýatynda bolmagy, hyzmat etmegi milliligimize bolan buýsanjyňa buýsanç goşýar.

Ak öý — ol türkmeniň mertebesi, milli buýsanjy, sungata öwrülen gymmatlygy. Hut şeýledigi üçin, ak öýi synlap durkaň, milli buýsanjyň örboýuna galýar. Halkymyz şeýle ak öýlerde döwran sürüpdirler, toý tutupdyrlar, döwletli işleriň maslahatyny edipdirler. Töründe dutar, gylyç ýaly gymmatlyklarymyzy asyp goýmak bilen bolsa, oňa aýratyn görk-görmek beripdirler.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».