Jeýhun joşgunly türkmen toýy

25 Iýul 2021
1601

Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, halkymyzyň arasynda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gadymy Lebap topragynda geçirilmegi özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ösüşlerine beslenen Lebap topragy türkmen taryhynyň şöhratly sahypalaryny, milli gymmatlyklarymyzyň, medeni mirasymyzyň nusgalyk görnüşlerini özünde jemleýän gadymy mekanlaryň biridir».

Gojaman Jeýhunyň boýunda ýedi gije-gündizläp dowam eden tutumly toýuň her bir güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri özleriniň täzeden täze owazly aýdym-sazlary, joşgunly şygyrlary, ajaýyp opera we sahna oýunlary, kinofilmleri bilen geldiler. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan sergide milli mirasymyzyň, amaly-haşam sungatynyň, çeper el işleriniň dürli görnüşleri giňden şöhlelendirildi. Usuly maslahatlar, çeper okaýyşlar, döredijilik duşuşyklary, Astanababa, Alamberdar ýaly taryhy ýadygärliklere, Amul, Daýahatyn kerwensaraýlaryna edilen gezelençler ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrsa, täze gurlan desgalaryň — Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň, Türkmenabat şäherinde döwrebap «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, Farap etrabynda «Merjen däneleri» çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralary Medeniýet hepdeliginiň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».