Heýkeltaraşlyk sungaty

25 Iýul 2021
1002

Sungatyň gözel eserleri her bir ynsanyň kalbyna aralaşyp, ýürekleri ruhy lezzet bilen gurşaýar. Adamzat nesli şonuň bilen kämilleşip, asyrlaryň goýnunda geljegini döredip geldi. Ajaýyplyk, gözellik, täsinlik ýaly sypatlarda beýan bolýan, kalba nur paýlaýan düşünjeleriň gaýtalanmajak nusgalary geçmiş bilen geljegiň aralygynda nesilleriň köprüsini gurdy. Bu nusgalar sungat eserlerinde jemlenip, adamlaryň bir düşünjede, dünýägaraýyşda, umumy pelsepede ýaşap, agzybirlik ýolunyň dowamatyny gurmagyna esas bolýar.

Heýkeltaraşlyk sungatynda hem bu şeýle. Keşpleri janlandyrýan ajaýyp eserleriň has şowly ýerine ýetirilen nusgalaryny synlanyňda ünsüňi özüne çekýär. Elbetde, bu nusgalaryny döretmek hemmelere başardyp hem durmaýar. Munuň üçin, sözüň asyl manysynda, ukyp gerek. Şonuň bilen deň derejede hem onuň üstüni ýetirýän başarnyk zerur.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist. Surata düşüren Hoşgeldi GARAJAÝEW.