Mukamly dünýäniň uçgunlary

26 Iýul 2021
874

Sazlaşyk diýip şuňa aýdaýsaň! Şol agşam «Türkmeniň toý döwresi» durnagöz kölüň tolkunlarynyň döreden mukamy bilen aýdym-sazyň belent owazyna beslendi. Gözellige siňen bu sazlaşyk hemmeleri heýjana saldy welin, onuň 10 ýürekdäki heýjanyny başgalaryňky bilen deňär ýaly däl. Bu ýürekler sergin tomus agşamyny mukama besledi, şol bir wagtyň özünde-de ýeňiş üçin atygsady.

Hawa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry Türkmenabadyň iň gözel künjekleriniň birinde — «Bitaraplyk» seýilgähiniň «Türkmeniň toý döwresi» meýdançasynda — durnagöz çeşmäniň ýakasynda geçirildi.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.