Elektron kitaphana — döwrebaplyk

24 Iýul 2021
1109

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna görä guramagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz kitaphanalarda elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, bu ugurda işleri mundan beýläk-de sanly ulgama geçirmek, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kitaphanalaryna usulyýet kömegini hem-de ylmy maslahatlary bermek meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar.

Maýa AKMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.