''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

3,33 milliard amerikan dollarlyk altyn satyn aldy

Hindistan 2024-nji ýylyň maý aýynda umumy bahasy 3,33 milliard amerikan dollaryna deň bolan altyn import etdi. Bu barada «Interfaks» habar berdi. Bu görkeziji geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende, 10 göterim az, ýöne 2024-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende, 7 göterim köpdür. Şu ýylyň ilkinji 5 aýynda Hindistanyň altyn importy 16,03 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 42 göterim artypdyr.

Million tonnadan gowrak nebit eksport eder

2024-nji ýylyň ahyryna çenli Gazagystan Germaniýa 1 million tonnadan gowrak nebit eksport eder. Bu barada «KazMunaýGaz» kompaniýasynyň metbugat beýanatynda mälim edildi. Soňky bäş aýyň dowamynda Gazagystan Germaniýa, takmynan, 500 müň tonna nebit iberdi. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, soňky bir ýylda Gazagystanyň Germaniýa eksport eden nebitiniň mukdary, takmynan, 1 million tonna barabar boldy.

Dur­nuk­ly ös­ýän pu­dak

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bat­ly dep­gi­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa usu­lyn­da dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi, önüm­çi­lik we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ýan­dy­gy, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­ýän­di­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da yk­dy­sa­dy­ýet we dur­muş ul­gam­la­ry­ny ba­zar gat­na­şyk­la­ry hem-de san­ly­laş­dyr­mak esa­syn­da öz­gert­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy­ny ama­la aşyr­mak­da top­lum­la­ýyn we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Ýollarymyz asuda bolsun!

Toý-baýramly ülkämize milli baýramlarymyzyň biri bolan Gurban baýramy ýetip geldi. Baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiz dynç alyp, gurbanlyk sadakalaryny berip, bir-biregi baýram bilen gutlarlar. Welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümi baýram günlerinde sürüjilere we ýol hereketine beýleki gatnaşyjylara tertip-düzgünleri berk berjaý etmelidigini ýatladýar. Baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň ähli etraplaryndaky şäherara we içerki ýollarynda herekete gatnaşyjylaryň köp bolmagyna sebäp bolar. Bu bolsa sürüjilerden we pyýadalardan has seresaply bolmagy talap edýär.

Ösüş strategiýasy — döwletiň we halkyň bähbidine

7-nji iýunda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Hasabatlardan belli bolşy ýaly, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreler görülýär. Munuň özi 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär. Geçen soňky günler tutuşlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralara beslendi. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn giň gerim bilen bellenildi. Köpetdagyň eteginde akyldar şahyrymyzyň belent ýadygärliginiň, şeýle hem «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyza türkmen toýunyň reňbe-reň äheňini çaýyp, bu dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdylar. “Magtymguly» atly täze kitap — şahyryň goşgular ýygyndysy beýik söz ussadyna sarpa goýýanlaryň ählisi üçin ýene bir ajaýyp sowgat boldy. Bu wakalar ýanwar — maý aýlarynda gazanylan ykdysady üstünlikleri aýratyn göwün göter

Eksportuň möçberi artýar

Türkmenabadyň «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň önümçilik meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 1 müň 148 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 551 tonnasy öndürildi. Şeýle-de geçen bäş aýda buýan köküniň 2 müň 353 tonnasy, ekstraktyň bolsa 315 tonnasy eksport edildi.  Bu bolsa bellenilen meýilnamadan ep-esli artykdyr.

2024-nji ýylyň üç aýynda ulaglar arkaly türkmen-awstriýa söwda dolanyşygy 5 esse artdy

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy. «Trend-iň» Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine esaslanyp berýän habaryna görä, 2024-nji ýylyň üç aýynda Awstriýa ýurduň daşary söwda dolanyşygynda 19-njy orunda durýar. Bu döwürde iki ýurduň arasyndaky söwdanyň mukdary 22 million dollardan gowrak boldy.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigine

«Şa kökäniň» datly önümleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň has kuwwatlanmagynda, ak bazarlarymyzda we söwda nokatlarynda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň we möçberiniň barha artmagynda türkmen telekeçileriniň mynasyp orny bardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy ulgamy ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryndan, berýän goldawlaryndan ruhlanýan telekeçilerimiz täze, döwrebap önümçilikleri ýola goýmakda, ilatyň gündelik sarp edýän azyk we senagat önümlerini öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler.

Kiçi göwrümli karzlar

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň bank ulgamynda hem hyzmatlaryň täze-täze görnüşleri ilata hödürlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň netijesinde dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini ulanmak arkaly amala aşyrylýan hyzmatlar has kämilleşdirildi. Şolaryň birisi raýatlarymyza öz hususy işlerini ýöretmek, önüm öndürmek bilen baglanyşykly berilýän kiçi göwrümli karzlardyr. Häzirki wagtda raýatlarymyz tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bank karzynyň bu görnüşine bolan isleg günsaýyn artýar. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän bank şahamçalarynyň ählisinde hem melleginde, kömekçi hojalygynda, ýer böleginde şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek maksatlarynda kiçi göwrümli karzlary bermek işjeň ýola goýuldy. Munuň özi mellek ýerlerinde, kömekçi hojalygynda, mülk ýerlerinde ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan raýatlaryň önümçilik işlerini giňeltmek, şeýle hem önüm öndürmeklige islegi bolan, emma maliýe serişdeleri ýetmezçilik edýän raýatlara gysga wagtyň içinde berilýän bank karzydyr. Ş

Ykdysady ösüşde möhüm ulgam

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ykdysadyýetde belent sepgitleri nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň uzak möhletleýin maksatnamalara esaslanýan düýpli özgertmeleri şeýle köptaraply ösüşiň mizemez binýadydyr. Eziz Diýarymyzyň ösüşini, halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän giň gerimli özgertmeleriň  rowaçlyklara beslenmeginde ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde hem wajyp wezipeler durýar. Sebäbi ulgamyň sazlaşykly işi ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösüşinde ilkinji şertleriň biridir. Munuň özi milli puluň ygtybarly dolanyşygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şunda milli manadyň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny gazanmak, pul-karz syýasatyny ýola goýmak, döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak hem-de kämilleşdirmek wezipeleri möhüm ähmiýete eýedir. Bu işlerde «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» esasy ýolgörkeziji bolup durýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, bank ulgamy tarapyndan hyzmatlaryň elektron görnüşlerini ornaşdyrmak işleri depginli häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa, öz nobatynda, karzlaryň görnüşlerinde, hasaplaşyklarda, milli we halkara töleg kartlary

Gurýan döwlet kuwwatlydyr

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän dürli önümçilik maksatly desgalaryň, medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň hatary yzygiderli artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem ajaýyp döwrümiziň buýsandyryjy hakykaty bolup, hakydalarda hemişelik orun aldy. Ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan täze elektroenergetika desgalary diňe bir halkymyzyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berer. Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynyň içinde uly tejribe toplan ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan a

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy artýar

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 22 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň habaryna görä, 2024-nji ýylyň üç aýynda Awstriýa ýurduň daşary söwda dolanyşygynda ilkinji 20-lige girýär.

Merkezi Aziýada, Zakawkazda we Belarusda ammarlaryň tutýan meýdany 44% artdy

2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça Merkezi Aziýada, Zakawkazda we Belarusda ammar giňişliginiň umumy tutýan meýdany 4,1 million inedördül metre ýetdi. «NF Group» kompaniýasynyň seljerijileri hasaplamalary munuň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 44% köpdügini aýan etdi. Bu ýurtlarda boş ýerleriň paýy 2 %-den geçmeýär. Munuň kärende tölegleriniň ýokarlanmagyna itergi berýändigini bellemek gerek. 2023-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, Özbegistanda (0%) we Azerbaýjanda (1,2%) boş ýer ep-esli azaldy. Gazagystanda we Ermenistanda boş ýerleriň paýy birneme ýokarlandy (degişlilikde 1,6% we 1,1%).

«RDÝ»-nyň ýük gatnawynyň möçberi ýanwar — maý aýlarynda 3,2% azaldy we 552,4 million tonna düşdi

«Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen ýük daşamagyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda 3,2% azaldy we 552,4 million tonna çenli boldy. Bu barada «Interfaks» habar berýär. Hasabat döwründe içerki ulag möçberiniň azalmagynda 1% görkeziji bellige alnyp, 332,7 million tonna çenli boldy.

Döwrebap halkalaýyn energoulgamy

Häzirki zaman adamzat ýaşaýşyny elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça başyny başlan giň gerimli işleriniň döwrebap ösdürilýändiginiň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Milli we halkara ähmiýetli bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň oktýabrynda üstünlikli işe girizilen Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy boldy. Soňra Mary — Ahal ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem gysga wagtda tamamlanyp, 2023-nji ýylyň noýabrynda ulanmaga berildi. Ynha, geçen hepdäniň çarşenbe güni bolsa ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze elektrik geçirijisi işe girizildi.

Ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

Elektroenergetika pudagy senagatyň binýatlaýyn pudaklarynyň biri bolmak bilen, ol islendik derejedäki ykdysadyýeti ösdürmek üçin esasy pudak hökmünde öňe çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynyň ösdürilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze energetika desgasynyň — Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň hem-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek mynasybetli dabaralara gatnaşmagy bu işleriň yzygiderli, depginli ösüşe eýedigine şaýatlyk edýän taryhy waka boldy. Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler maksatnamalaýyn durmuşa geçirildi. Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi. Türkmen energogurluşykçylarynyň yhlasly zähmet çekmegi netijesinde halkalaýyn energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň nobatdaky tapgyry 2023-nji ýylda işe girizildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen, ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi bolan Balkan

Işler sazlaşykly guralýar

Welaýat azyk önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki ösümlik ýag kärhanasynda önüm öndürmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri arassalanylmadyk pagta ýagynyň 4 müň 563 tonnasy, arassalanylan pagta ýagynyň 3 müň 627 tonnasy, sarunyň 11 müň 384 tonnasy, harpygyň bolsa 7 müň 741 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 44 million 837 müň 216 manatlyga deň boldy.

Şu ýylyň bäş aýynda «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 153 göterim ösüş gazanyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

TESC — 2024 halkara forumyna gatnaşyjy

«Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň galdyran täsiri hem-de özüniň wekilçilik eden Tatarystan Respublikasynyň (RF) Türkmenistandaky «KER — Holding» kompaniýasynyň işi barada bu kompaniýanyň ekologiýa taslamalary boýunça direktory Mansur Kisiatulin bilen gürrüňdeş bolduk. — Kompaniýaňyz hem-de onuň Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmäge gatnaşyşy barada gürrüň beräýseňiz...

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 5 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Özbegistandan gelen telekeçiler türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen matalary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 30 müň 456 amerikan dollaryna deň boldy.