Işler sazlaşykly guralýar

11 Iýun 2024
161

Welaýat azyk önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki ösümlik ýag kärhanasynda önüm öndürmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär.

Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri arassalanylmadyk pagta ýagynyň 4 müň 563 tonnasy, arassalanylan pagta ýagynyň 3 müň 627 tonnasy, sarunyň 11 müň 384 tonnasy, harpygyň bolsa 7 müň 741 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 44 million 837 müň 216 manatlyga deň boldy.

Beýleki habarlar