Ýollarymyz asuda bolsun!

14 Iýun 2024
126

Toý-baýramly ülkämize milli baýramlarymyzyň biri bolan Gurban baýramy ýetip geldi. Baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiz dynç alyp, gurbanlyk sadakalaryny berip, bir-biregi baýram bilen gutlarlar. Welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümi baýram günlerinde sürüjilere we ýol hereketine beýleki gatnaşyjylara tertip-düzgünleri berk berjaý etmelidigini ýatladýar.

Baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň ähli etraplaryndaky şäherara we içerki ýollarynda herekete gatnaşyjylaryň köp bolmagyna sebäp bolar. Bu bolsa sürüjilerden we pyýadalardan has seresaply bolmagy talap edýär.

Soltan BAÝRAMOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar