Ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

11 Iýun 2024
150

Elektroenergetika pudagy senagatyň binýatlaýyn pudaklarynyň biri bolmak bilen, ol islendik derejedäki ykdysadyýeti ösdürmek üçin esasy pudak hökmünde öňe çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynyň ösdürilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze energetika desgasynyň — Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň hem-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek mynasybetli dabaralara gatnaşmagy bu işleriň yzygiderli, depginli ösüşe eýedigine şaýatlyk edýän taryhy waka boldy.

Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler maksatnamalaýyn durmuşa geçirildi. Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi. Türkmen energogurluşykçylarynyň yhlasly zähmet çekmegi netijesinde halkalaýyn energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň nobatdaky tapgyry 2023-nji ýylda işe girizildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen, ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi milli elektroenergetika pudagynyň taryhynda täze sahypa açdy. Şeýlelikde, bu desganyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgam emele getirildi. Bu taslama içerki sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň hilini gowulandyrmaga, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertler döretmäge täze mümkinçilikleri açar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrjak bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmäge mümkinçilik berýändigi aýratyn bellärliklidir.

Züleýha ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar