Döwrebap halkalaýyn energoulgamy

11 Iýun 2024
113

Häzirki zaman adamzat ýaşaýşyny elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça başyny başlan giň gerimli işleriniň döwrebap ösdürilýändiginiň ýene bir subutnamasyna öwrüldi.

Milli we halkara ähmiýetli bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň oktýabrynda üstünlikli işe girizilen Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy boldy. Soňra Mary — Ahal ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem gysga wagtda tamamlanyp, 2023-nji ýylyň noýabrynda ulanmaga berildi. Ynha, geçen hepdäniň çarşenbe güni bolsa ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze elektrik geçirijisi işe girizildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar