Million tonnadan gowrak nebit eksport eder

16 Iýun 2024
66

2024-nji ýylyň ahyryna çenli Gazagystan Germaniýa 1 million tonnadan gowrak nebit eksport eder. Bu barada «KazMunaýGaz» kompaniýasynyň metbugat beýanatynda mälim edildi.

Soňky bäş aýyň dowamynda Gazagystan Germaniýa, takmynan, 500 müň tonna nebit iberdi. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, soňky bir ýylda Gazagystanyň Germaniýa eksport eden nebitiniň mukdary, takmynan, 1 million tonna barabar boldy.

Enegül BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar