3,33 milliard amerikan dollarlyk altyn satyn aldy

16 Iýun 2024
60

Hindistan 2024-nji ýylyň maý aýynda umumy bahasy 3,33 milliard amerikan dollaryna deň bolan altyn import etdi. Bu barada «Interfaks» habar berdi. Bu görkeziji geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende, 10 göterim az, ýöne 2024-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende, 7 göterim köpdür.

Şu ýylyň ilkinji 5 aýynda Hindistanyň altyn importy 16,03 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 42 göterim artypdyr.

Taýýarlan: Durdy DURDYÝEW,
TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar