Kiçi göwrümli karzlar

12 Iýun 2024
149

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň bank ulgamynda hem hyzmatlaryň täze-täze görnüşleri ilata hödürlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň netijesinde dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini ulanmak arkaly amala aşyrylýan hyzmatlar has kämilleşdirildi. Şolaryň birisi raýatlarymyza öz hususy işlerini ýöretmek, önüm öndürmek bilen baglanyşykly berilýän kiçi göwrümli karzlardyr.

Häzirki wagtda raýatlarymyz tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bank karzynyň bu görnüşine bolan isleg günsaýyn artýar. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän bank şahamçalarynyň ählisinde hem melleginde, kömekçi hojalygynda, ýer böleginde şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek maksatlarynda kiçi göwrümli karzlary bermek işjeň ýola goýuldy. Munuň özi mellek ýerlerinde, kömekçi hojalygynda, mülk ýerlerinde ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan raýatlaryň önümçilik işlerini giňeltmek, şeýle hem önüm öndürmeklige islegi bolan, emma maliýe serişdeleri ýetmezçilik edýän raýatlara gysga wagtyň içinde berilýän bank karzydyr. Şeýle görnüşli bank karzynyň berilmegi raýatlaryň melleginde, şahsy hojalygynda gök-bakja we miwe önümlerini, tohum mallary, guş önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Kiçi göwrümli karzlar ýyllyk 10 göterimli, 30 (otuz) müň manada çenli, 6 aý ýeňillikli döwür bilen 3 (üç) ýyla çenli möhlete nagt däl görnüşinde berilýär.

Tawus AKYÝEWA,
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Çärjew etrap şahamçasynyň hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.
Beýleki habarlar