Gurýan döwlet kuwwatlydyr

12 Iýun 2024
161

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän dürli önümçilik maksatly desgalaryň, medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň hatary yzygiderli artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem ajaýyp döwrümiziň buýsandyryjy hakykaty bolup, hakydalarda hemişelik orun aldy. Ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan täze elektroenergetika desgalary diňe bir halkymyzyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynyň içinde uly tejribe toplan ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek örän ýakymlydyr. Garagum sährasynyň kyn şertlerinde şeýle ýokary woltly asma elektrik geçirijisini we beketlerini gurup ulanyşa tabşyran türkmen energogurluşykçylarynyň bitiren işlerine ýokary baha berlip, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri tarapyndan halkalaýyn energoulgamy gurmakda ulanylan enjamlaryň ýokary hilini tassyklaýan, halkalaýyn energoulgamyň inženerçilik işleriniň durnuklylygyny, ýokary netijeliligini tassyklaýan, şeýle hem halkalaýyn energoulgamda gurlan beketleriň ýokary tehnologiýalaryny we howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamalaryň gowşurylmagy bitewi halkalaýyn energoulgamyň desgalarynyň dünýä ülňülerine gabat gelýän iň täze tehnologiýalar we tilsimatlar bilen üpjün edilendiginiň kepilidir. ªol bir wagtda, munuň özi ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatda ekologiýa maksatnamasynyň hem üstünlikli amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.

Toýmämmet Rejebow.
«Balkan».
Beýleki habarlar