Ykdysady ösüşde möhüm ulgam

12 Iýun 2024
150

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ykdysadyýetde belent sepgitleri nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň uzak möhletleýin maksatnamalara esaslanýan düýpli özgertmeleri şeýle köptaraply ösüşiň mizemez binýadydyr. Eziz Diýarymyzyň ösüşini, halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän giň gerimli özgertmeleriň  rowaçlyklara beslenmeginde ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde hem wajyp wezipeler durýar. Sebäbi ulgamyň sazlaşykly işi ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösüşinde ilkinji şertleriň biridir. Munuň özi milli puluň ygtybarly dolanyşygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şunda milli manadyň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny gazanmak, pul-karz syýasatyny ýola goýmak, döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak hem-de kämilleşdirmek wezipeleri möhüm ähmiýete eýedir. Bu işlerde «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» esasy ýolgörkeziji bolup durýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, bank ulgamy tarapyndan hyzmatlaryň elektron görnüşlerini ornaşdyrmak işleri depginli häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa, öz nobatynda, karzlaryň görnüşlerinde, hasaplaşyklarda, milli we halkara töleg kartlary arkaly geçirilýän bank amallarynda müşderilere döwrebap hyzmatlary üpjün edýär.

Bibitäç Annaberdiýewa,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň 7-nji bank gullugynyň operatory.
Beýleki habarlar