Eksportuň möçberi artýar

13 Iýun 2024
118

Türkmenabadyň «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň önümçilik meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.

Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 1 müň 148 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 551 tonnasy öndürildi. Şeýle-de geçen bäş aýda buýan köküniň 2 müň 353 tonnasy, ekstraktyň bolsa 315 tonnasy eksport edildi.  Bu bolsa bellenilen meýilnamadan ep-esli artykdyr.

Beýleki habarlar