''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

BMG: 2030-njy ýyla çenli ýeralma önümçiligi 750 million tonna ýeter

30-njy maýda dünýäde ilkinji gezek Halkara ýeralma güni bellenildi. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň, takmynan, üçden iki bölegi esasy iýmit hökmünde ýeralmany gündelik sarp edýär. Birleşen Milletler Guramasy 2030-njy ýyla çenli dünýäde ýeralma önümçiliginiň 112 göterim ýokarlanyp, 750 million tonna ýetjekdigini çaklaýar. Halkara ýeralma güni bu oba hojalyk ekiniň ýokumlylygy, daşky gurşawa peýdasy we medeni gymmaty barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň dekabrynda döredildi.

Galla oragyna ykjam taýýarlyk görülýär

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy.

Ýüpekçileriň zähmet üstünligi

Köneürgenç etrabynyň «Galkynyş» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri şu taryhy ýylymyzda döwlete pile tabşyrmak baradaky meýilnamany etrapda ilkinji bolup ýerine ýetirmegi başardylar. Ýakynda biz Galkynyş geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Joşan Saparalyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

Galla oragy ýakynlaşýar

Lebap welaýatynyň gallaçy kärendeçileri ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmekleri netijesinde, şu ýylda 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Indiki möhüm wezipe — galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmekden, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almakdan, Watan harmanyna tabşyrmakdan we ammarlarda kadaly saklamakdan ybarat. Gündogar sebitde ýakyn wagtda badalga aljak bu möhüm möwsüme ykjam taýýarlykly gelnendigini belläp geçmek buýsançlydyr. Häzirki wagtda welaýatyň ähli ýerinde galla oragyna taýýarlyk işleri tamamlanyp, bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmäge we saklamaga doly taýýar edildi. Şonuň bilen birlikde, «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde, dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 300-den gowragy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Kuwwatly kombaýnlara welaýatyň tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlary erk ederler. Orak möwsüminde işleri iki çalşykda alyp barmak meýilleşdirilýär. Jogapkärli mö

Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda hem ak bugdaýyň bol hasyly kemala geldi. Durumy berkäp, boýy ýeten dok başly bugdaýlaryň bitgin hatary alys gözýetime uzap gidýän giňişlige görk berip, tylla Günüň zerbap nuruna öwşün atýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda döwrebap özgertmeleriň amala aşyrylmagy, pudaga işi dolandyrmagyň hem ýöretmegiň iň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, suw üpjünçiliginiň doly çözülmegi, has netijeli işlemek üçin oňaýly şertlerdir ýeňillikleriň döredilmegi bereketli hasyl ýetişdirmäge oňat mümkinçilik berdi. Daýhançylyk üçin juda amatly hem garaşykly, bol ygally gelen bahar paslynyň ilkinji günlerinden başlap gallaçy kärendeçiler täze hasylyň düýbüni berk tutmak, ýaş maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýanly mör-möjeklerden goramak, barha boý alýan ak ekine ösüş suwuny bermek işlerini utgaşykly alyp bardylar. Ýaýbaňlandyrylan her bir işde döwrüň belent ruhy, döredijilikli zähmetiň joşguny aýdyň duýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň 265 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Galla oragyna taýýarlyk

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň we «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň bilelikde guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa galla oragyna gatnaşjak jogapkär işgärler, kombaýnçylardyr sürüjiler we Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýygylýan hasyly ýitgisiz ýygnamalydygyny, dänäni ýangyn howpundan goramalydygyny, galla oragy möwsüminde däneli ekin meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda nobatçy garawullaryň goýulmalydygyny, däneli ekinleriň hasyly ýygnalýan döwründe gury ot-çöpleri, meýdanyň samanyny otlamagyň gadagandygyny nygtadylar. Şeýle-de hasyl ýygnamaga gatnaşýan kombaýnlaryň, traktorlaryň we awtoulaglaryň ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmelidigi hem-de ulaglaryň tehniki taýdan gurat ýagdaýda bolmalydygy bellenildi. 

Galla — 2024

Anyk wezipeler kesgitlenildi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň däne hasyly kemala geldi. Edermen gallaçylaryň päk zähmeti bilen ýetişdirilen däne hasylyny zaýasyz we gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Şonuň üçinem galla oragy möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu taýýarlyk çäreleri bolsa, däne oragy möwsüminde tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir.

Kombaýnlar möwsüme taýýar

Şu ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we zaýasyz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. Oba hojalygynyň iň möhüm möwsümi bolan galla oragyna ýene sanlyja günler galdy. Bu günki gün altyn başly bugdaýly meýdanlar göreniň göwnüni göterýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamakda daýhanyň esasy daýanjy bolan, kombaýnlary möwsüme taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Ýakynda şu mesele bilen gyzyklanyp, Kerki etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda bolduk. Bu ýerde bar bolan kombaýnlaryň 22-si hem oraga birkemsiz taýýarlanylypdyr. Olaryň 20-si «John Deere W540», 2 sanysy hem «Сlaas TUСANO 430» kysymly kombaýnlar. Kuwwatly tehnikalar Daýanç Kulyýew, Perman Döwletow, Hudaýnazar Rejebow, Baýram Hoşşyýew ýaly köp ýyllyk iş tejribesi bolan ussat mehanizatorlara ynanylypdyr. Olar ýylyň-ýylyna galla oragyna gatnaşyp, yhlasly zähmet çekýärler

Ýeralmanyň bol hasyly ýetişýär

Ilaty ekleýji ene topraga yhlasly hyzmat edip, ondan bol hasyl alýan janypkeş daýhanlar Dänew etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginde-de az däl. Olar ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmekde, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakda baý tejribe topladylar. Ýer eýeleri soňky ýyllarda gowaçadyr bugdaý bilen birlikde ýeralma, kelem, käşir ýaly bakja ekinlerini hem köpçülikleýin ýetişdirýärler, olardan bol hasyl alýarlar. Şeýle il-ýurt bähbitli işe netijeli gatnaşýanlaryň arasynda Azat Gandymow hem bar.

Guwandyryjy üstünlikler gazanylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda piläniň öndürilişini artdyrmak baradaky Kararynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşmaga çalyşýan welaýatymyzyň pileçi kärendeçileri häzirki günlerde öz ýetişdiren bereketli hasylyny kabul ediş bölümlerine tabşyrmaklygy guramaçylykly alyp barýarlar. Şeýlelikde, bu babatda şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýän ussat pileçileriň, daýhan birleşikleriniň sany barha artýar. Munuň özi olaryň şu jogapkärli möwsümde çeken yhlasly zähmetiniň guwandyryjy netijesidir.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Göwnejaý ideg — bol hasyl Şu günler ekin meýdanlarynda galla oragyna taýýarlyk bilen birlikde gowaça ideg etmek işleri hem giň gerimde alnyp barylýar. Her bir kärendeçi ekinden bereketli hasyl almakda her bir çäräniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygyna örän oňat düşünýärler.

Guramaçylykly dowam edýär

Welaýatymyzyň ýüpekçileri gymmatly çig mal bolan pile ýygnamak işini guramaçylykly alyp barýarlar. Olaryň Magtymguly etrabara pile kabul ediş we guradyş bölümine tabşyrýan pile hasylynyň mukdary barha köpelýär. Bu işde Magtymguly etrabynyň pileçileri hem tapawutlanyp zähmet çekýärler. — Etrapda pile hasylyny ýygnamakda netijeli zähmet çekip, kärdeşlerine görelde bolýan pileçiler köp. «Çendir» daýhan birleşiginden Umyt Illiýew 19 gram gurçuk tohumyndan 77 kilogram, Amangeldi Orazgeldiýew 10 gramdan 40 kilogram, Ogulgerek Täçmämmedowa 38 gramdan 115 kilogram, Janmämmet Saparow 14 gramdan 76 kilogram, Zelili adyndaky daýhan birleşiginden Şemşat Tekäýewa 10 gramdan 52 kilogram bogun-bogun ak pile hasylyny alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Etrapda öňde goýan maksatlaryna ýetýänleriň sany günsaýyn köpelýär. Harmana gelip gowuşýan kümüşsöw çäjiň agramy gitdigiçe artýar — diýip, Magtymguly etrabara pile kabul ediş we guradyş bölüminiň baş hünärmeni Muhy Muhyýew gürrüň berdi.

Möhüm möwsümde tehniki howpsuzlyk

Ýakynda Ahal welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň, Tejen şäher, etrap polisiýa bölüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda Tejen etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň däne ýygýan kombaýnlarynyň mehanizatorlary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda galla oragy möwsüminde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýangyn söndüriji tehniki serişdeleriň ulanyş ýagdaýlaryny öwrenmek we mehanizatorlaryň tehniki bilimlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Duşuşykda tehniki howpsuzlygy, ýol hereketiniň kadalaryny diňe bir şaýollardyr köçelerde däl, eýsem, ekinara ýollarda we ekerançylyk meýdanlarynda hem berjaý etmegiň ähmiýeti barada bellenilip geçildi. Hünärmenler kombaýnlaryň elektron enjamlaryndan peýdalanmagyň we bejeriş işlerini geçirmegiň howpsuzlyk düzgünlerini düşündirdiler.

Daýhan yhlasy — bereket çeşmesi

Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Welaýatymyzyň Magtymguly, Bereket, Gyzylarbat, Etrek, Esenguly etraplarynyň ekin meýdanlarynda ekilen gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almagy maksat edinýän daýhanlarymyzyň häzirki günlerde ter gök önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda çekýän tutanýerli zähmeti içerki bazary azyk bolçulygy bilen üpjün etmäge we öndürilýän önümleriň eksporta ugradylyşyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Şu günler ekilen gök we bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle hem şu ýyl welaýatymyz boýunça 13 müň gektar meýdanda gowaça ekişi geçirildi. Balkan welaýatynyň pagtaçy daýhanlary «ak altynyň» bol hasylyny almak ugrunda şu günlerden alada edýärler we gowaça meýdanlarynda ýekeleme, otag işlerini alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyryp, oba hojalygyny ösdürmek, halkymyzy ýylyň islendik paslynda ekologiýa taýdan arassa, ýokumly ter gök önümler bilen üpjün etmek boýunça edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigi welaýatymyzyň ekerançy daýhanlarynyň bu ugurda çekýän yhlasly zähmetlerinden hem aýdyň görünýär.

Sag­dyn kö­şek­ler ös­dü­ri­me goý­be­ril­di

Öz işiniň ussady

Oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, olaryň hilini ýokarlandyrmak bütin ýylyň dowamynda ekin meýdanlarynda geçirilýän işleriň hiline we öz wagtynda ýerine ýetirilişine bagly bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin döredilýän mümkinçilikler, satyn alynýan kuwwatly tehnikalar, oba hojalyk gurallary, dökünler her möwsüme mahsus bolan agrotehniki çäreleri kadalara laýyk geçirmäge mümkinçilik berýär. Ene topragyň berekedini artdyrmak, ondan bol hasyl almak daýhana bagly. Şoňa görä-de, daýhanlar ýeriň sürümini, otagyny wagtly-wagtynda geçirip, hasyllylygyny artdyrmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan yhlasy bilen bereket bolçulygy döredilýär. Il-ýurt bähbitli bu işde Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri has-da tutanýerlilik görkezýärler. Muňa hojalygyň 6-njy kärendeçiler toparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu topara köp ýyldan bäri tejribeli daýhan Hemra Jumaýew ýolbaşçylyk edip gelýär. Şol döwrüň içinde toparyň agzalarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmedik ýyly ýok.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Düýeler üçin ýolyşyk Hytaý çölünde düýeleriň hereketini düzgünleşdirmek üçin ýolyşyklar goýuldy. Ýol-yşyklar Gansu welaýatynda gurnaldy. Munuň sebäbi her ýyl maý aýynyň başynda çölde geçirilýän baýramçylyga müňlerçe adamyň gatnaşýandygy we onuň çäklerinde düýelerde gezim etmegiň esasy güýmenjeleriň birine öwrülýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýerli häkimiýetler haýwanlaryň we düýeleriň hereketini düzgünleşdirmek üçin şeýle netijä geldiler.

Bugdaý oragyna taýýarlyk

Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň agzybir işgärleri jogapkärli möwsüm bolan bugdaý oragyna ykjam taýýarlykly gelýärler. Olar zähmetsöýer gallaçy kärendeçileriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 22500 gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda, bökdençsiz ýygnamagy maksat edinýärler. — Önümçilik kärhanamyzda kuwwatly kombaýnlaryň jemi 49 sanysy möwsüme taýýar edildi. Olaryň 5-si «John Deere», 44-si «СLAAS» kysymly kuwwatly kombaýnlardyr. Galla oragy döwründe işlediljek kombaýnlara zerur hyzmatlaryň iş üstünde guralmagy bolsa olaryň öndürijilikli peýdalanylmagyny üpjün eder. Häzirki wagtda bugdaý oragy möwsümine gatnaşjak kombaýnçylar, tehniki işgärler we hasyly daşamaga niýetlenen awtoulaglaryň sürüjileri bilen ýangyn-tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça düşündiriş çäreleri geçirilýär — diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Täzebaý Saparow gürrüň berdi.

Pileçileriň yhlasly zähmeti

Pileçileriň yhlasly zähmeti Häzirki wagtda dowam edýän pile möwsüminde ýokary hilli pile hasylyny öndürmek ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýän ýüpekçi kärendeçiler Akdepe etrabynyň Sapyş Çerkezow adyndaky daýhan birleşiginde-de az däl. Olar bu möwsümde 153 guty gurçuk tohumyny idedip, 5600 kilogram ýokary hilli piläni döwlete satmagy maksat edinýärler. — Bereketli pile hasylyny ýetişdirmek üçin ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirip, saklanylýan ýerleriniň arassa bolmagy üpjün edilýär. Bu jogapkärli işde hojalygyň tejribeli ýüpekçileriniň hatarynda Guwanç Baýramow, Dursun Gurbanmyradowa, Gyzylgül Haýydowa, Öwez Baýramow, Saparmyrat Annaýew dagynyň köplere görelde bolýandyklaryny bellemeli. Häzirki wagtda daýhan birleşigimiziň ýüpekçileri öz ýetişdiren pile hasyllaryny kabul ediş nokatlaryna tabşyrýarlar. Nesip bolsa, möwsümde edermen ýüpekçilerimiz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, meýilnamada göz öňünde tutulan pile hasylyny Watan harmanyna goşarlar — diýip, daýhan birleşiginiň hünärmeni Babyş Töräýew gürrüň berdi. 

Hasyl ýitgisiz ýygnalar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçileri 28500 gektar ýerde «guşgursak» ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. 4820-den gowrak gallaçy kärendeçiler özleriniň garamagyndaky bugdaýly ýerlerde ahyrky tapgyrda ideg işlerini  berjaý edip, öňde duran galla oragy möwsümine hem ykjam taýýarlyk görýärler. Şu ýyl etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň ýokary iş öndürjilikli kombaýnlarynyň 65-den gowragynyň galla oragy möwsümine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu kombaýnlara önümçilik kärhanasynyň ussalary tarapyndan degişli tehniki hyzmatlar edilip, möwsüme birkemsiz taýýarlanylýar. Kombaýnlara orak möwsümine iş üstünde zerur tehniki hyzmatlary amala aşyrmak üçin göçme abatlaýjy toparlaryň hem 2-si döredildi. Bu toparlar hünärmenler, tejribeli ussalar, abatlaýjy enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edildi. Bu bolsa orak möwsüminde kombaýnlaryň saz we bökdençsiz işlemegine şert döreder. Şeýle hem taýýar hasyly bugdaý kabul ediş nokatlaryna daşamak üçin edara-kärhanalaryň, awtoulag kärhanasynyň, şahsy hojalyklaryň ýük awtoulaglaryny peýdalanmak barada şertnamalar baglaşylýar.