Daýhan yhlasy — bereket çeşmesi

28 Maý 2024
235

Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Welaýatymyzyň Magtymguly, Bereket, Gyzylarbat, Etrek, Esenguly etraplarynyň ekin meýdanlarynda ekilen gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almagy maksat edinýän daýhanlarymyzyň häzirki günlerde ter gök önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda çekýän tutanýerli zähmeti içerki bazary azyk bolçulygy bilen üpjün etmäge we öndürilýän önümleriň eksporta ugradylyşyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Şu günler ekilen gök we bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär.

Şeýle hem şu ýyl welaýatymyz boýunça 13 müň gektar meýdanda gowaça ekişi geçirildi. Balkan welaýatynyň pagtaçy daýhanlary «ak altynyň» bol hasylyny almak ugrunda şu günlerden alada edýärler we gowaça meýdanlarynda ýekeleme, otag işlerini alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyryp, oba hojalygyny ösdürmek, halkymyzy ýylyň islendik paslynda ekologiýa taýdan arassa, ýokumly ter gök önümler bilen üpjün etmek boýunça edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigi welaýatymyzyň ekerançy daýhanlarynyň bu ugurda çekýän yhlasly zähmetlerinden hem aýdyň görünýär.

Aýnatäç NEDIROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar