Pileçileriň yhlasly zähmeti

28 Maý 2024
163

Pileçileriň yhlasly zähmeti Häzirki wagtda dowam edýän pile möwsüminde ýokary hilli pile hasylyny öndürmek ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýän ýüpekçi kärendeçiler Akdepe etrabynyň Sapyş Çerkezow adyndaky daýhan birleşiginde-de az däl. Olar bu möwsümde 153 guty gurçuk tohumyny idedip, 5600 kilogram ýokary hilli piläni döwlete satmagy maksat edinýärler. — Bereketli pile hasylyny ýetişdirmek üçin ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirip, saklanylýan ýerleriniň arassa bolmagy üpjün edilýär. Bu jogapkärli işde hojalygyň tejribeli ýüpekçileriniň hatarynda Guwanç Baýramow, Dursun Gurbanmyradowa, Gyzylgül Haýydowa, Öwez Baýramow, Saparmyrat Annaýew dagynyň köplere görelde bolýandyklaryny bellemeli. Häzirki wagtda daýhan birleşigimiziň ýüpekçileri öz ýetişdiren pile hasyllaryny kabul ediş nokatlaryna tabşyrýarlar. Nesip bolsa, möwsümde edermen ýüpekçilerimiz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, meýilnamada göz öňünde tutulan pile hasylyny Watan harmanyna goşarlar — diýip, daýhan birleşiginiň hünärmeni Babyş Töräýew gürrüň berdi. 

Gunça ÇOPANOWA,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar