Hasyl ýitgisiz ýygnalar

24 Maý 2024
467

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçileri 28500 gektar ýerde «guşgursak» ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. 4820-den gowrak gallaçy kärendeçiler özleriniň garamagyndaky bugdaýly ýerlerde ahyrky tapgyrda ideg işlerini  berjaý edip, öňde duran galla oragy möwsümine hem ykjam taýýarlyk görýärler. Şu ýyl etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň ýokary iş öndürjilikli kombaýnlarynyň 65-den gowragynyň galla oragy möwsümine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu kombaýnlara önümçilik kärhanasynyň ussalary tarapyndan degişli tehniki hyzmatlar edilip, möwsüme birkemsiz taýýarlanylýar. Kombaýnlara orak möwsümine iş üstünde zerur tehniki hyzmatlary amala aşyrmak üçin göçme abatlaýjy toparlaryň hem 2-si döredildi. Bu toparlar hünärmenler, tejribeli ussalar, abatlaýjy enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edildi. Bu bolsa orak möwsüminde kombaýnlaryň saz we bökdençsiz işlemegine şert döreder. Şeýle hem taýýar hasyly bugdaý kabul ediş nokatlaryna daşamak üçin edara-kärhanalaryň, awtoulag kärhanasynyň, şahsy hojalyklaryň ýük awtoulaglaryny peýdalanmak barada şertnamalar baglaşylýar.

Çynar BERDIKULYÝEWA,
TAP-niň welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar