Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk

31 Maý 2024
232

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda hem ak bugdaýyň bol hasyly kemala geldi. Durumy berkäp, boýy ýeten dok başly bugdaýlaryň bitgin hatary alys gözýetime uzap gidýän giňişlige görk berip, tylla Günüň zerbap nuruna öwşün atýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda döwrebap özgertmeleriň amala aşyrylmagy, pudaga işi dolandyrmagyň hem ýöretmegiň iň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, suw üpjünçiliginiň doly çözülmegi, has netijeli işlemek üçin oňaýly şertlerdir ýeňillikleriň döredilmegi bereketli hasyl ýetişdirmäge oňat mümkinçilik berdi.

Daýhançylyk üçin juda amatly hem garaşykly, bol ygally gelen bahar paslynyň ilkinji günlerinden başlap gallaçy kärendeçiler täze hasylyň düýbüni berk tutmak, ýaş maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýanly mör-möjeklerden goramak, barha boý alýan ak ekine ösüş suwuny bermek işlerini utgaşykly alyp bardylar. Ýaýbaňlandyrylan her bir işde döwrüň belent ruhy, döredijilikli zähmetiň joşguny aýdyň duýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň 265 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar