Guramaçylykly dowam edýär

29 Maý 2024
358

Welaýatymyzyň ýüpekçileri gymmatly çig mal bolan pile ýygnamak işini guramaçylykly alyp barýarlar. Olaryň Magtymguly etrabara pile kabul ediş we guradyş bölümine tabşyrýan pile hasylynyň mukdary barha köpelýär. Bu işde Magtymguly etrabynyň pileçileri hem tapawutlanyp zähmet çekýärler.

— Etrapda pile hasylyny ýygnamakda netijeli zähmet çekip, kärdeşlerine görelde bolýan pileçiler köp. «Çendir» daýhan birleşiginden Umyt Illiýew 19 gram gurçuk tohumyndan 77 kilogram, Amangeldi Orazgeldiýew 10 gramdan 40 kilogram, Ogulgerek Täçmämmedowa 38 gramdan 115 kilogram, Janmämmet Saparow 14 gramdan 76 kilogram, Zelili adyndaky daýhan birleşiginden Şemşat Tekäýewa 10 gramdan 52 kilogram bogun-bogun ak pile hasylyny alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Etrapda öňde goýan maksatlaryna ýetýänleriň sany günsaýyn köpelýär. Harmana gelip gowuşýan kümüşsöw çäjiň agramy gitdigiçe artýar — diýip, Magtymguly etrabara pile kabul ediş we guradyş bölüminiň baş hünärmeni Muhy Muhyýew gürrüň berdi.

Aýjan Abaýewa.
Beýleki habarlar