Möhüm möwsümde tehniki howpsuzlyk

29 Maý 2024
243

Ýakynda Ahal welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň, Tejen şäher, etrap polisiýa bölüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda Tejen etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň däne ýygýan kombaýnlarynyň mehanizatorlary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda galla oragy möwsüminde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýangyn söndüriji tehniki serişdeleriň ulanyş ýagdaýlaryny öwrenmek we mehanizatorlaryň tehniki bilimlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Duşuşykda tehniki howpsuzlygy, ýol hereketiniň kadalaryny diňe bir şaýollardyr köçelerde däl, eýsem, ekinara ýollarda we ekerançylyk meýdanlarynda hem berjaý etmegiň ähmiýeti barada bellenilip geçildi. Hünärmenler kombaýnlaryň elektron enjamlaryndan peýdalanmagyň we bejeriş işlerini geçirmegiň howpsuzlyk düzgünlerini düşündirdiler.

Aýsoltan ÖWEZOWA,
TKA-nyň Tejen etrap birleşmesiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar