Bugdaý oragyna taýýarlyk

28 Maý 2024
188

Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň agzybir işgärleri jogapkärli möwsüm bolan bugdaý oragyna ykjam taýýarlykly gelýärler. Olar zähmetsöýer gallaçy kärendeçileriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 22500 gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda, bökdençsiz ýygnamagy maksat edinýärler.

— Önümçilik kärhanamyzda kuwwatly kombaýnlaryň jemi 49 sanysy möwsüme taýýar edildi. Olaryň 5-si «John Deere», 44-si «СLAAS» kysymly kuwwatly kombaýnlardyr. Galla oragy döwründe işlediljek kombaýnlara zerur hyzmatlaryň iş üstünde guralmagy bolsa olaryň öndürijilikli peýdalanylmagyny üpjün eder. Häzirki wagtda bugdaý oragy möwsümine gatnaşjak kombaýnçylar, tehniki işgärler we hasyly daşamaga niýetlenen awtoulaglaryň sürüjileri bilen ýangyn-tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça düşündiriş çäreleri geçirilýär — diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Täzebaý Saparow gürrüň berdi.

Jumamyrat REJEPOW,
TAP-nyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar