Galla oragyna taýýarlyk

30 Maý 2024
195

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň we «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň bilelikde guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa galla oragyna gatnaşjak jogapkär işgärler, kombaýnçylardyr sürüjiler we Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýygylýan hasyly ýitgisiz ýygnamalydygyny, dänäni ýangyn howpundan goramalydygyny, galla oragy möwsüminde däneli ekin meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda nobatçy garawullaryň goýulmalydygyny, däneli ekinleriň hasyly ýygnalýan döwründe gury ot-çöpleri, meýdanyň samanyny otlamagyň gadagandygyny nygtadylar. Şeýle-de hasyl ýygnamaga gatnaşýan kombaýnlaryň, traktorlaryň we awtoulaglaryň ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmelidigi hem-de ulaglaryň tehniki taýdan gurat ýagdaýda bolmalydygy bellenildi. 

Gurbanmämmet SILGELDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany.
Beýleki habarlar