Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

28 Maý 2024
386

Düýeler üçin ýolyşyk

Hytaý çölünde düýeleriň hereketini düzgünleşdirmek üçin ýolyşyklar goýuldy. Ýol-yşyklar Gansu welaýatynda gurnaldy. Munuň sebäbi her ýyl maý aýynyň başynda çölde geçirilýän baýramçylyga müňlerçe adamyň gatnaşýandygy we onuň çäklerinde düýelerde gezim etmegiň esasy güýmenjeleriň birine öwrülýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýerli häkimiýetler haýwanlaryň we düýeleriň hereketini düzgünleşdirmek üçin şeýle netijä geldiler.

Beýleki habarlar