Galla oragy ýakynlaşýar

31 Maý 2024
286

Lebap welaýatynyň gallaçy kärendeçileri ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmekleri netijesinde, şu ýylda 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Indiki möhüm wezipe — galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmekden, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almakdan, Watan harmanyna tabşyrmakdan we ammarlarda kadaly saklamakdan ybarat. Gündogar sebitde ýakyn wagtda badalga aljak bu möhüm möwsüme ykjam taýýarlykly gelnendigini belläp geçmek buýsançlydyr.

Häzirki wagtda welaýatyň ähli ýerinde galla oragyna taýýarlyk işleri tamamlanyp, bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmäge we saklamaga doly taýýar edildi. Şonuň bilen birlikde, «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde, dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 300-den gowragy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Kuwwatly kombaýnlara welaýatyň tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlary erk ederler. Orak möwsüminde işleri iki çalşykda alyp barmak meýilleşdirilýär. Jogapkärli möwsümiň dowamynda galla ýygnaýjy kombaýnlaryň gurat we bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen, ýeterlik möçberde ätiýaçlyk şaýlary taýýar edilipdir. Bu döwürde kuwwatly tehnikalara tehniki hyzmat etmeklige niýetlenen göçme ussahanalar, kombaýnlary çalgy ýaglary we ýangyç bilen üpjün edýän awtoulaglar hereket ederler. Bugdaý hasylyny ekin meýdanlaryndan galla kabul ediş nokatlaryna daşamaklyga awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň jemi 1 müň 520 töweregi çekilipdir. Orak möwsüminde zähmet çekýän kombaýnçylaryň, sürüjileriň meýdan şertlerinde dynç almaklary üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça hem degişli işleriň geçirilendigini bellemek gerek.

Agamyrat SOLTANOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar