''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Taryhy wakalar

Türkmenistan döwletimiziň her bir ýyly uludan-uly şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini berkitmek, dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak üçin ähli tagallalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler hem muňa aýdyň subutnama bolup durýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen diňe içerki däl, eýsem, daşary syýasat babatynda hem uly işler alnyp baryldy. Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýän möhüm syýasy gepleşikler, işewürlik duşuşyklary, forumlardyr giň gerimli medeni çäreler, sergiler, maslahatlar dabaraly ýagdaýda geçirildi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde «Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektler

Baky ýaşaýar ady

Arkadag şäherini gözel görke besleýän, dünýä ülňülerine gabat gelýän kaşaň-kaşaň ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap edara binalaryny, medeni, sport desgalaryny synlanyňda, göz öňüňde çagalyk ýyllarynyň gyzykly ertekileri, ýetginjeklik döwrüniň arzuw-hyýallary biygtyýar ör-boýuna galýar. Kalbyňy telwaslandyrýan bu pursatlar adaty ýagdaý. Sebäbi bu Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň hakyky keşbi. Bu ýerde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen tanşanyňda bolsa: «Bä-ä, şüý-ä tüýs ýerine düşdi» diýeniňi duýman galýarsyň. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy, Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Ahal welaýat çagalar sungat mekdebi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi... Bu şahsyýetler türkmen halkynyň guwanjy. Olaryň atlaryny ebedileşdirip,

Taryhda çüýşe önümçiligi

Türkmenistanyň çäklerinde çüýşe önümçiligi we çüýşe işläp bejermek has gadymy döwürlerde ýüze çykypdyr. Muny arheologiýa ylmynyň tapyndylary subut edýär. Ýurdumyzyň çäklerinde has irki çüýşe önümleri «tutuksy» monjuklar diýlip atlandyrylýar. R.Pampelliniň topary tarapyndan Änewden agymtyl-ýaşyl çüýşeden taýýarlanan monjuk, Nusaýdan b.e.öňki II-I müňýyllyga degişli monjuklar tapyldy. Türkmenistanyň demirgazygynda Tümmekkiçijik gonamçylygyndan, Guýsaý ýadygärliginden tutuksy çüýşeden ýasalan monjuklaryň tapylmagy çüýşe önümçiligi öz gözbaşyny müňýyllyklaryň dowamyndan alyp gaýdýar diýmäge esas berýär. Köneürgenjiň çäginden we onuň töwereginden başga ýerlerde örän seýrek duş gelýän çüýşe önümleriniň görnüşleri tapyldy. Şeýle-de arheolog Hemra Ýusupow tarapyndan Kyrkmolla galasyndan küýzejik görnüşli gapjagaz tapyldy. Bu gapjagazyň parfýumer we derman serişdeleri saklanýan gap-gaçlaryň hataryna girýändigini alym öz işlerinde belleýär.

Metjit — mukaddes öý

Pähim-parasatly halkymyz metjit, geçit, içit gurmagy iň sogaply iş hasaplaýar. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatlylygy bilen Mary, Daşoguz, Lebap, Balkan welaýatlarynyň merkezlerinde baş metjitleriň gurlup ulanmaga berilmegi bu mukaddes işiň eziz Watanymyzda giňden dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Döwrüň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen, täsin binagärlik gurluşly şeýle metjitleriň biri Aşgabatda hem guruldy. Ahal topragynyň merkezi — Arkadag şäherinde welaýatyň baş metjidiniň gurmak baradaky tagallalar ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» şygarly durmuş ugurly döwlet syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň binýady bolup, bagtyýar watandaşlarymyzyň kalplarynda çuňňur hoşallyk döretdi. Ýurdumyzda irki döwürlerden bäri metjit gurmagyň özboluşly däp-dessurynyň döredilendigini hem-de baý binagärlik tejribeleriniň toplanandygyny bellemelidir. Asyrlaryň jümmüşinde tutuş yslam dünýäsinde diňe biziň ýurdumyzda metjitleriň üç görnüşiniň: «Namazga metjidiniň», «Juma metjidiniň» we «Mähelle metjidiniň» ulanylyp gelnendigi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Tebigat — biziň öýümiz

Hormatly Prezidentimiziň uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan aýawly we rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly durnukly ösüşi ilerledýär. Islendik jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşi onuň kämil hukuk binýady, gatnaşyklary sazlaşdyrýan kadalar bilen amala aşyrylýar. Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýan ýurdumyzyň ekologiýa babatdaky milli hukuk binýady Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bu ugurda möhüm ädim boldy.

Gadymy Margiananyň sungat eserleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Olar baradaky gyzykly maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen yzygiderli halka ýetirilýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň biri gadymy Marguşdan tapylan sungat eserleridir. Gadymy Margiananyň sungat eserlerinde şekillendirilen belgiler, ösümlikler dünýäsi, hakyky hem hyýaly haýwanlar — şol sungatyň çygryny, nagyşlar bolsa zehiniň ýüze çykmasyny, halkyň ruhy durmuşyny kesgitläpdir. Olar ýöne bir bezeg bolman, eýsem  aňyrsynda  türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň durmuşynyň möhüm hajatlary, olaryň tebigata hem adama bolan garaýyşlary gizlenip ýatan syrly «hata» meňzeýär.

Osty galasy

Gojaman Jeýhunyň sag we çep kenarlarynda geçmişden miras galan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Şolaryň biri hem Çärjew etrabyndaky Osty galasydyr. Ol Çärjew etrabynyň Farap şäherinden 40 kilometr çemesi demirgazykda, uly ýoluň ugrunda ýerleşýär. Biziň döwrümize çenli saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň biri bolan bu galanyň diwarlary dikligine ýonulyp gurlupdyr. Galanyň medeni gatlagynyň galyňlygy bäş metrdir we onuň üstüne çykmak üçin diňe ýekeje ýoly bolup, ol gyryň günorta-gündogar tarapynda biraz açyk galdyrylan bölegidir. Häzirki döwürde bu galany ýerli ilat «Goçgarata» diýip atlandyrýar. Mirasy öwrenijileriň pikirine görä, galanyň bir burçunda goçuň heýkeliniň bolmagy onuň şeýle atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr. Bu galanyň gadymy ady mälim däl. Şol sebäpli-de ony ýerleşýän obasynyň ady bilen bagly atlandyrypdyrlar. Osty galasynyň ady «üst» sözi bilen baglanyşykly bolup, oňa ir döwürde «Üstgala» diýlipdir. Soňra bu söz şol ýerde ýerleşýän obanyň adyna geçýär. Ilkinji gezek 1939-njy ýylda arheolog we etnograf S. P. Tolstow bu ýerde ylmy-barlag işlerini geçirip, galanyň dörän döwri biziň eýýamymyzdan öň IV asyr we biziň eýýamymyzyň I asyryna degişli diýip kesgitleýär hem-de çyzgysyny çyzýar. Ol bu ýerde irki döwü

Medreseler — kämil bilim ojaklary

Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça degişli ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda, Arkadag şäherinde bina ediljek metjidiň gurluşygyna dahylly taslamalardyr çyzgylary synlap, metjidiň ýanynda okuw medresesiniň hem gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül guşuny ganatlandyrdy. Nygtalyşy ýaly, medreseler türkmen halkynyň öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelmeginde, halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan yslam dinini hem-de dünýewi bilimleri öwrenmekde aýratyn orun eýeläpdir. Geçmişde Watanymyzda ýiti zehinli, meşhur şahsyýetleriň döremegine we kemala gelmegine oba-şäherlerdäki köp sanly ylym, medeni aň-bilim edaralarynyň — medreseleriň, hanakalaryň, kitaphanalaryň we obserwatoriýanyň oňaýly täsir edendigini taryh sahypalary subut edýär. Ýokary bilim berýän okuw mekdebi bolan medreseler türkmen topragynda irki döwürlerden bäri meşhurdyr. Taryhy jähetden, medreseler ykdysady, medeni taýdan ösen, syýasy taýdan durnukly Watanymyzyň binagärlik sungatynyň hem aýrylmaz bölegidir.

Aşgabadyň taryhyna ser salyp

Aşgabadyň gadymyýete uzaýan nusgalyk taryhy bar. Edebiýatlarda we dürli döwürlerde çap edilen makalalarda Aşgabadyň döreýşi barada gymmatly maglumatlar berilýär. Ýagny belli alymlar E.Teýle, A.A.Roslýakow, A.A.Maruşşenko, Z.Freýkin, W.B.Žmuýdan, A.Babaýew, S.G.Agajanow dagylar Aşgabadyň taryhyny anyklamaga özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. Bular barada belli merhum alym Ö.Gündogdyýew «Aşgabat keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda belläp geçýär. Aşgabat şäheriniň 1881-nji ýylda düýbi tutulandygy hakyndaky maglumatlar ilkinji gezek A.Babaýewiň we M.Şneýeriň 1930-njy ýylda «Turkmenowedeniýe» žurnalynyň XI sanynda çap eden makalasynda ýatlanyp geçilýär. Şeýle-de, 1999-njy ýylda neşir edilen «Turkmenistan segodnýa i zawtra» atly salgynamada hem Aşgabadyň 1881-nji ýylda düýbüniň tutulandygy ýatlanylýar. Ynha, ýene bir mysala ýüzleneliň: «1881-nji ýylda düýbi tutulan şähere oňa ýanaşyk obanyň — Aşgabadyň ady dakylypdyr». Aşgabadyň bu geçmişi barada Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda hem gyzykly maglumatlar arkaly taryhy çeşmeleriň üstüni ýetirýär.

Änew dünýä ýaň salýar

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu gadymy künjegiň taryhy şöhratynyň ýaňadan dabaralanýandygynyň güwäsi boldy. Pederlerimiz bize nusgalyk medeniýeti miras galdyrypdyr. Dünýäniň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň sanawyna giren ajaýyp halylarymyz, bedewlerimiz we gymmat şaý-seplerimiz bilen birlikde, dünýäniň iň gadymy ýaşaýyş ojaklarynyň merkezi bolan ýurdumyzda birnäçe gadymy medeniýetler hem gülläp ösüpdir. Olar Altyndepe medeniýeti, Jeýtun medeniýeti, Änew medeniýeti, Kelteminar medeniýetidir.

Hasyl bolan arzuw

Geçen ýylyň baharynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň merkezindäki Medeniýet öýünde açylan taryhy muzeý oňa myhman bolan her bir adamyň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerdäki dürli döwürlere degişli muzeý gymmatlyklaryny synladygyňça, synlasyň gelýär. Hatarlap goýlan küýzelerdir gap-gaçlar, dokalan nepis türkmen halylarynyň gadymy nusgalarynyň bölekleri, hojalykda we durmuşda ulanylan öý goşlary, zähmet gurallary, ilat tarapyndan getirilip tabşyrylan gymmatlyklar, Goňurdepe ýadygärlikler toplumynyň, «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň, welaýatyň, şeýle-de ýurdumyzyň beýleki ýadygärlikleriniň çäklerinden tapylan tapyndylar halkymyzyň milli mirasynyň örän baýdygyndan habar berýär. Bu taryhy muzeýi döretmek pikiri Garagum etrabynyň Ýagty ýol geňeşliginiň ýaşaýjysy Altymuhammet Bähbidowda çagalyk döwründe döreýär. Ýaňy 1-nji synpa okuwa baranda, mugallymlarynyň biri ondan: «Alty, geljekde sen kim boljak?» diýip sorapdyr. Onuň: «Mugallym, men küýze tapýançy boljak» diýen jogabyna mugallymy hezil edip gülüpdir-de: «Hä, Alty, diýmek, sen arheolog bolmakçy-da?» diýip, bu hünäriň aýratynlyklaryny düşündiripdir. Sona mugallymyň bu aýdanlaryny Altymuhammet berk ýadynda saklapdyr.

Täze taryhy döwrüň milli mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza belent sarpa goýulýar. Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda akyldar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly Pyragy» ensiklopediýasy möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň edebi mirasy, ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy, esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi, türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny, edebi mirasynyň işlenilişi we şahyryň döredijiligini öwrenýän alymlar hakynda söhbet açýan ensiklopediýa ynsanperwerligiň beýik waspçysynyň Watan, halk baradaky parasatly pikir-garaýyşlarynyň möhüm ugurlaryny özünde jemleýär. Magtymgulynyň döredijiligini ençeme ýyldan bäri öwrenip gelýän alymlar «Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlüginiň» üstünde hem işleýärler. Ozalky bar bolan tejribelerden tapawutlylykda bu sözlükde Magtymgulynyň şygyrlarynda gabat gelýän sözleriň her biriniň diňe bir manysy däl, eýsem, dürli manylarda gabat gelýändigine ünsi gönükdirmek arkaly şahyryň şygyrlaryndaky haýsydyr bir rowaýaty ýatladýan, tapmaça häsiýetli setirlere aýratynlykda düşündiriş bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Ylymlar akademiý

Halkymyzyň ebedi mirasy

(Zarisowka) Ine, muňa gudrat diýmän, näme diýersiň?! Halkyň dilinde: «Gudrat görseň, daglara bar!» diýen ganatly jümle bar. Emma gudratyň diňe bir daglarda däl, muzeýlerde hem bardygyny aýtsak, öte geçdigimiz bolmasa gerek. «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň «Daşmetjit» halk hünärleriniň muzeýiniň baý miras gaznasy bilen tanyş bolmagymyz hem munuň şeýledigini has aýdyňlaşdyrdy. «Kerwensaraý» ýadygärliginden ýüze çykarylan soňky tapyndylar ünsümizi has hem özüne çekdi.

Arkadag şäherinde meşhur şahsyýetler

 «7/24. tm», № 01 (136), 02.01.2022       GIRIŞ

Ýaş heýkeltaraşlaryň sergisi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Halkyň Arkadagly zamanasynyň gujurly ýaşlary» atly sergi guraldy. Serginiň esasy maksady çeperçilik ugurlarynyň dürli görnüşleri boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de baý medeni-mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ähli ugurlary boýunça bilim alýan zehinli talyp ýaşlarynyň we uçurymlarynyň döredijilik eserleri görkezildi. Çeperçilik akademiýasynyň talyplary we ýaş uçurymlary özleriniň çeper eserlerinde we sungaty öwreniş işlerinde bagtyýarlyk döwrümiziň ösüşi we milli mirasymyzyň gymmatlyklary beýan edilýär. Şeýle sergileriň geçirilip durulmagy ýaşlaryň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň inçe tilsimlerine, binagärligiň we dizaýnyň döwrebap tehniki mümkinçiliklerine, estetiki we çeperçilik garaýyşlaryna göz ýetirmäge giň mümkinçilik berýär.  

Änew medeniýetleriň gözbaşynda

Ylhamyň we medeniýetiň ýardamçysy hasaplanylýan «Ganatly at» ýyldyzynyň (Pegas) dogýan pasly bolan güýz aýynda Watanymyza, şeýle hem tutuş türki dünýäsine goşa-goşa hoş habarlaryň buşlanmagy halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Ýagny, olaryň ikisem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (Türksoý) hemişelik geňeşiniň ýerleşýän ýeri bolan Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinden gelip gowuşdy. Guramanyň ýakynda geçen mejlisinde oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar. Şu ýerde beýik söz ussadynyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary» diýlip häsiýetlendirilmegi tüýs jüpüne düşüpdir. Bu barada ýörite pikir ýöretmek we ýazmak isleginde bolanymyz üçin, teswirlemämizi Änew medeniýeti hakynda dowam etdirmek isleýäris. Medeniýet diýlende, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň: «Eger bakylygyň göwher gaşyny, müňýyllyklara barýan ýoly sorasalar, men onuň medeniýetdigini hiç oýlanman aýdardym. Diňe medeniýetiň emri bilen daş düre, r

Daş «bägülleri»

«Tebigata söýgi — Watana söýgi. Tebigata söýgi — gözellige söýgi». Döwürdeş žurnalistimiz Nurtäç Annamuhammedowanyň mundan 10-12 ýyl ozal ýazan makalasynda okan bu jümlelerim ýadymda hemişelik galypdyr. Çünki gursagynda Watanyna söýgi bolan her bir adamyň ony tebigatdan üzňe göz öňüne-de getirip bilmejekdigi düşnüklidir. Tebigat gözelligini suratkeş öz eseri, ene hüwdüsi, sazanda sazy, şahyr şygry, halyçy göli, daýhan alyn deri bilen wasp edýär. Çünki türkmen topragynyň şol gözelliklerini bir ýere jemleýän tebigatda näçe diýseň täsinlik bar. Ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan Balkan welaýatynda dagam, deňzem, gür baglyklaram, alaň-alaň gum depelerem, sähralyklaram bar. Şol gum depeleriniň arasynda zähmetiň gaýnap-joşýandygy bolsa hemmämize mälimdir. Altyn ýaly lowurdap, haly düşelen ýaly egin-egin bolup ýatan belentli-pesli gum depeleriniň arasynda ene ýeriň teýinden zer öndürýän nebitgaz ýataklarynyň burawlary ho-ol uzaklardanam görünýär. Ine, şol çäge üýşmekleriniň arasynda dörän dag welin, ilkibada her kimi-de geň galdyrýar. Daglar, esasan, gaty, takyr ýa-da daşly ýerlerde döränsoň, bu hakykaty gözi bilen görmäge barýanlaryňam yzy üzülenok.

ABU-SEÝIT ARAMGÄHI

Türkmenistanda saklanyp galan ýadygärlikleriň arasynda Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşýän Abu-Seýit aramgähi özüniň taryhy-binagärçilik ähmiýeti boýunça möhüm orna eýedir. Onuň ady halk arasynda Mänebaba hökmünde hem meşhurdyr. Bu aramgäh orta asyr Mäne şäherinde XI asyrda kuwwatly Seljuk döwletiniň emele gelýän we berkeýän döwründe, Horasanyň ykdysady taýdan gülläp ösýän wagtynda gurlupdyr. Aramgäh taryhy şahs hökmünde meşhur bolan şyh Abu-Seýit ibn Abul-Haýryň (968-1049) guburynyň üstünde bina edilipdir. Şyh Abu Seýit ýaşlyk ýyllarynda oňat bilim alyp, öz ömrüni dini taglymaty öwrenmäge bagyşlapdyr. Ol Gaznawylar nesilşalygynyň paýtagty bolan Gazna şäherinden gaýdyp we Merw şäheriniň şyhlarynda okuw geçipdir. Okuwyny doly ele alandan soň Abu-Seýit Mänä göçüp gelipdir, şol ýerde hem ömrüniň ahyryna çenli ýaşapdyr. Abu-Seýit Demirgazyk Horasanyň syýasy we ruhy durmuşynda möhüm orun tutupdyr. Onuň abraýy gaty belent bolupdyr. Hatda Seljuk döwletini esaslandyryjylar bolan Çagrybeg we Togrulbeg hem “Hökümdarlyga pata bermegi” üçin onuň ýanyna gelipdirler. Meşhur döwlet işgärleri - Seljuk soltanlary Alp Arslanyň we Mälikşanyň baş weziri Nyzam-al-Mülk hem onuň ýanyna tagzym etmäge gelip gider eken. Abu-Seýit ýogalandan soň, musulman ru

Edebi çeşmelerde soltan Jelaletdiniň keşbi

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy düýpli we çynlakaý öwrenmäge giň mümkinçilik döredildi. Türkmen halkynyň şanly geçmişini, buýsançly taryhyny millilik esasynda täzeden ýazmakda, ondaky nämälim sahypalary anyklamakda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlarynyñ uludygy guwandyryjydyr. Türkmen taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimiziň biri-de Köneürgenç türkmenleriniň iň soňky hökümdary Jelaletdin Meňburnydyr. E. Braunyň belleýşi ýaly, Jelaletdin we onuň esgerleri 1220 — 1231-nji ýyllarda mongollaryň ägirt uly ordasynyň öňünde duran yslamyň iň soňky sarsmaz galasydyr. Jelaletdiniň şöhratly ömür ýoly barada, pajygaly ömri barada ýazylan eserler munuň şeýledigini has-da tassyklaýar.

Mäne babadan pata alan seljuklar

Türkmen halkynyň gojaman taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Halkyň hakydasynda ebedi saklanan beýik şahsyýetler, parasatly akyldarlar we nusgawy şahyrlar milli buýsanjymyza öwrüldiler. Orta Gündogaryň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýet, keramatly pir Abusagyt Abylhaýyr Mäne baba, onuň ak pata beren meşhur seljuk serdarlary Çagry begiň we Togrul begiň Daňdanakan (Dendenakan) söweşine çenli ömür ýolunyň taryhyny özünde jemleýän, senenamalarda ebedi saklanyp galan wakalary ýatlamagy maksat edindik. Bu taryhy döwür türkmen halkynyň gojaman taryhynyň bir ülşi bolup, ynsan hakydasynda öçmejek yz galdyrdy. Oguzlaryň gynyk ilinden gaýdýan seljuklar nesilşalygy, Mawerannahryň we Horasanyň syýasy durmuşynda uly orun tutýar. Seljuklar X asyryň başlarynda Syrderýanyň orta we aşak akymlarynda döräp, ýer-ýurt tutunýarlar. Seljuklar öz nesilşalygyny, gözbaşyny oguz taýpa birleşigine we urug toparyna baştutanlyk eden Dukagyň ogly Seljukdan alyp gaýdýar.