Gadymy Margiananyň sungat eserleri

19 Ýanwar 2023
600

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Olar baradaky gyzykly maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen yzygiderli halka ýetirilýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň biri gadymy Marguşdan tapylan sungat eserleridir.

Gadymy Margiananyň sungat eserlerinde şekillendirilen belgiler, ösümlikler dünýäsi, hakyky hem hyýaly haýwanlar — şol sungatyň çygryny, nagyşlar bolsa zehiniň ýüze çykmasyny, halkyň ruhy durmuşyny kesgitläpdir. Olar ýöne bir bezeg bolman, eýsem  aňyrsynda  türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň durmuşynyň möhüm hajatlary, olaryň tebigata hem adama bolan garaýyşlary gizlenip ýatan syrly «hata» meňzeýär.

Töre NOBATOW,
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar