Edebi çeşmelerde soltan Jelaletdiniň keşbi

8 Dekabr 2022
828

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy düýpli we çynlakaý öwrenmäge giň mümkinçilik döredildi. Türkmen halkynyň şanly geçmişini, buýsançly taryhyny millilik esasynda täzeden ýazmakda, ondaky nämälim sahypalary anyklamakda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlarynyñ uludygy guwandyryjydyr.

Türkmen taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimiziň biri-de Köneürgenç türkmenleriniň iň soňky hökümdary Jelaletdin Meňburnydyr. E. Braunyň belleýşi ýaly, Jelaletdin we onuň esgerleri 1220 — 1231-nji ýyllarda mongollaryň ägirt uly ordasynyň öňünde duran yslamyň iň soňky sarsmaz galasydyr. Jelaletdiniň şöhratly ömür ýoly barada, pajygaly ömri barada ýazylan eserler munuň şeýledigini has-da tassyklaýar.

Rejep JOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirli giniň ýadygärlikleri öwrenmek we wagyz etmek bölüminiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar