Täze taryhy döwrüň milli mirasy

7 Ýanwar 2023
918

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza belent sarpa goýulýar. Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda akyldar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly Pyragy» ensiklopediýasy möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň edebi mirasy, ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy, esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi, türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny, edebi mirasynyň işlenilişi we şahyryň döredijiligini öwrenýän alymlar hakynda söhbet açýan ensiklopediýa ynsanperwerligiň beýik waspçysynyň Watan, halk baradaky parasatly pikir-garaýyşlarynyň möhüm ugurlaryny özünde jemleýär.

Magtymgulynyň döredijiligini ençeme ýyldan bäri öwrenip gelýän alymlar «Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlüginiň» üstünde hem işleýärler. Ozalky bar bolan tejribelerden tapawutlylykda bu sözlükde Magtymgulynyň şygyrlarynda gabat gelýän sözleriň her biriniň diňe bir manysy däl, eýsem, dürli manylarda gabat gelýändigine ünsi gönükdirmek arkaly şahyryň şygyrlaryndaky haýsydyr bir rowaýaty ýatladýan, tapmaça häsiýetli setirlere aýratynlykda düşündiriş bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary akyldaryň doglan gününiň uludan belleniljek günlerine taýýarlygyň çäklerinde şahyryň döredijiligini töwerekleýin öwrenmäge girişdiler. Şahyryň edebi gözbaşlara, gadymy akabalara ýüzlenýän dünýägaraýşynyň taryhy hakydanyň arabaglanyşygyny emele getirmekdäki, edebi mirasynyň halkara edebi-ruhy gatnaşyklardaky ornuny açmaga gönükdirilen «Magtymgulynyň edebi garaýyşlary», «Jelaleddin Rumynyň we Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi», «ХХ asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi», «Magtymguly — türkmeniň ruhy täji», «Magtymgulynyň syrly setirleriniň aýratynlyklary», «Magtymguly Pyragy we «Kysasyl-enbiýa», «Magtymgulynyň eserlerinde idiomalar», «Magtymgulynyň şygyrlarynda halk döredijiligi eserleriniň ideýa-çeperçilik hyzmaty», «Magtymgulynyň çeper filosofiýasy» ýaly temalarda onlarça ylmy işler bar. Olarda Magtymguly Pyragynyň türkmen edebiýatyna getiren täzeliklerine häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan baha berilýär. Şahyryň ömür pursatlary we ylham çeşmeleri öwrenilip, olar döwrebap ylmy garaýyşlar esasynda seljerilýär.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar