Änew medeniýetleriň gözbaşynda

22 Dekabr 2022
744

Ylhamyň we medeniýetiň ýardamçysy hasaplanylýan «Ganatly at» ýyldyzynyň (Pegas) dogýan pasly bolan güýz aýynda Watanymyza, şeýle hem tutuş türki dünýäsine goşa-goşa hoş habarlaryň buşlanmagy halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Ýagny, olaryň ikisem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (Türksoý) hemişelik geňeşiniň ýerleşýän ýeri bolan Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinden gelip gowuşdy. Guramanyň ýakynda geçen mejlisinde oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar. Şu ýerde beýik söz ussadynyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary» diýlip häsiýetlendirilmegi tüýs jüpüne düşüpdir. Bu barada ýörite pikir ýöretmek we ýazmak isleginde bolanymyz üçin, teswirlemämizi Änew medeniýeti hakynda dowam etdirmek isleýäris. Medeniýet diýlende, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň: «Eger bakylygyň göwher gaşyny, müňýyllyklara barýan ýoly sorasalar, men onuň medeniýetdigini hiç oýlanman aýdardym. Diňe medeniýetiň emri bilen daş düre, ruh bakylyga öwrülýändir» diýen sözleri ýadyňa düşýär.

Taryha ser salanyňda, alymlaryň wagt esasynda atlandyrýan Jeýtun medeniýetinden soňra, Änew medeniýeti döräp, onuň Altyndepe we Nusaý medeniýetleriniň gözbaşynda durandygyna göz ýetirýärsiň. Alymlaryň bellemegine görä, geografik çäkde Änew medeniýetiniň giňişligi Kaka etrabynyň Çöksüýji depesinden tä Gyzylarbada çenli aralygy tutupdyr. Änew medeniýeti enolit eýýamynda (daş asyrlarynda) döräp, bu barada amerikan alymy Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda  Türküstanda 1904-nji ýylda derňew işleri geçirilýär. Alymyň ekspedisiýasyň netijesi boýunça  Änewiň gadymy ösüşine, gelip çykyşyna degişli ýazan kitabynda bu gadymyýet barada şeýle beýan edilýär: «Geliň, bir pursat säginip, ýene-de bu medeni döwre ser salalyň, şol döwrüň tamamlanmagy birnäçe süňkler, süýekler bilen äşgär edilýär we onuň başlanmagy bolsa, çuň toprak astynda gömlüp ýatandyr. Biz bu ýerde gadymy döwürlerde iki müňýyllykda dowam eden we Wawilonyň hem-de Müsüriň mälim bolan medeni döwürlerinden hem gadymy bolan medeniýetiň şekiline duş gelýäris. Biz onda adaty oba durmuşyny görýäris, şonda bolsa zenanlar ik egirýärler, mata dokaýarlar, däne ösdürip ýetişdirýärler we el degirmeninde un üweýärler. Düýp goýulman, ýeriň üstünde edilen ýörite peçlerde çörek (megerem, alymyň şol peç diýýäni türkmen tamdyrlarynyň gözbaşlary bolmaly) bişirýärler. Küýzegärler suwa ezilen toýny alyp (içinden doga okap) dürli tansyk (keramiki) gap-gaçlary ýasaýarlar, şol mahal beýlekiler boýag ýasaýarlar, şonuň bilen geçmişden miras galan nagyşlardyr şekilleri salýarlar.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar