Mäne babadan pata alan seljuklar

8 Dekabr 2022
886

Türkmen halkynyň gojaman taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Halkyň hakydasynda ebedi saklanan beýik şahsyýetler, parasatly akyldarlar we nusgawy şahyrlar milli buýsanjymyza öwrüldiler. Orta Gündogaryň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýet, keramatly pir Abusagyt Abylhaýyr Mäne baba, onuň ak pata beren meşhur seljuk serdarlary Çagry begiň we Togrul begiň Daňdanakan (Dendenakan) söweşine çenli ömür ýolunyň taryhyny özünde jemleýän, senenamalarda ebedi saklanyp galan wakalary ýatlamagy maksat edindik. Bu taryhy döwür türkmen halkynyň gojaman taryhynyň bir ülşi bolup, ynsan hakydasynda öçmejek yz galdyrdy.

Oguzlaryň gynyk ilinden gaýdýan seljuklar nesilşalygy, Mawerannahryň we Horasanyň syýasy durmuşynda uly orun tutýar. Seljuklar X asyryň başlarynda Syrderýanyň orta we aşak akymlarynda döräp, ýer-ýurt tutunýarlar. Seljuklar öz nesilşalygyny, gözbaşyny oguz taýpa birleşigine we urug toparyna baştutanlyk eden Dukagyň ogly Seljukdan alyp gaýdýar.

Orazgeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ymy işgäri.
Beýleki habarlar