Hasyl bolan arzuw

9 Ýanwar 2023
864

Geçen ýylyň baharynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň merkezindäki Medeniýet öýünde açylan taryhy muzeý oňa myhman bolan her bir adamyň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerdäki dürli döwürlere degişli muzeý gymmatlyklaryny synladygyňça, synlasyň gelýär. Hatarlap goýlan küýzelerdir gap-gaçlar, dokalan nepis türkmen halylarynyň gadymy nusgalarynyň bölekleri, hojalykda we durmuşda ulanylan öý goşlary, zähmet gurallary, ilat tarapyndan getirilip tabşyrylan gymmatlyklar, Goňurdepe ýadygärlikler toplumynyň, «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň, welaýatyň, şeýle-de ýurdumyzyň beýleki ýadygärlikleriniň çäklerinden tapylan tapyndylar halkymyzyň milli mirasynyň örän baýdygyndan habar berýär.

Bu taryhy muzeýi döretmek pikiri Garagum etrabynyň Ýagty ýol geňeşliginiň ýaşaýjysy Altymuhammet Bähbidowda çagalyk döwründe döreýär. Ýaňy 1-nji synpa okuwa baranda, mugallymlarynyň biri ondan: «Alty, geljekde sen kim boljak?» diýip sorapdyr. Onuň: «Mugallym, men küýze tapýançy boljak» diýen jogabyna mugallymy hezil edip gülüpdir-de: «Hä, Alty, diýmek, sen arheolog bolmakçy-da?» diýip, bu hünäriň aýratynlyklaryny düşündiripdir. Sona mugallymyň bu aýdanlaryny Altymuhammet berk ýadynda saklapdyr.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar